Yragyň demirgazygynda PKK-a agza 8 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Yragyň demirgazygyndaky Gara sebitinde hüjüm guramak üçin taýarlyk görendigi anyklanan ekstremist terror guramasy PKK-a agza 8 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1518538
Yragyň demirgazygynda PKK-a agza 8 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, ekstremist terror guramasy PKK-a garşy operasiýalaryň tutanýerlilik bilen dowam etdirilýändigi habar berildi. 

Beýanatda: "Yragyň demirgazygyndaky Gara sebitinde anyklaýyş we gözegçilik enjamlary bilen anyklanan we hüjüm guramak üçin taýarlyk görendigi kesgitlenen PKK-a agza 8 terrorçy, geçirilen howa operasiýasy bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip mälim edildi.

Ministrlik tarapyndan berilen başga bir beýanatda bolsa, asudalyk we durnuklylyk gurşawyny bozmak üçin Siriýada Ýewfrat Galkany sebitine girmäge synanyşan PKK/ÝPG-e agza 2 terrorçy komandos topary tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirilendigi habar berildi.  



Degişli Habarlar