Yragyň demirgazygynda PKK-a degişli ýerler nyşana alyndy

Howa hüjüminde PKK-a agza ýene-de 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

22 Eylül 2019 08:21

Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Haftanin etrabyna guralan howa hüjüminde ekstremist terror guramasy PKK-a agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýanata görä, üstünlikli ýagdaýda dowam edýän Penje-3 operasiýasy bilen utgaşykly ýagdaýda Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Haftanin etrabyna howa hüjümi guraldy.

Howa hüjüminde ekstremist terror guramasy PKK-a agza ýene-de 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Beýleki tarapdan, Içeri işler ministrliginden berlen ýazmaça beýanata görä, içerki howpsyzlyk operasiýalarynyň çäginde Hakkari welaýatynda terrorçylara garşy operasiýa guraldy

Operasiýada 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Welaýatda operasiýalar dowam edýär