Yragyň demirgazygynda terror guramasy PKK-a agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Terrora garşy egilşiksiz göreş dowam eder

11 Temmuz 2020 21:17

 

Türk ýaragly güýçleri tarapyndan Yragyň demirgazygynda guralan operasiýada ekstremist terror guramasy PKK-a agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýanatda, Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Awaşin etrapçasynda terror guramasy PKK-a agza 2 terrorçynyň ýeriniň anyklanylandygy nygtaldy.

Beýanatda, terrorçylara garşy guralan operasiýada 2 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigi bellenildi.

Beýanatda terrora garşy egilşiksiz göreşiň soňky terrorçy ýok edilýänçä dowam etjekdigi ýatladyldy.