turki-e-respublikasyny-10-dowlet-bilen-diplomatik-gatnasyklary-ola-go-magyny

Türkiýe Respublikasynyñ 10 döwlet bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmagynyñ 30 ýyllygy mynasybetli Ankarada çäre gurnaldy

Türkiýe Respublikasynyñ Azerbaýjan, Belarusiýa, Gruziýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Moldowa, Täjigistan, Türkmenistan, Ukraina we Özbegistan bilen diplomatik gatnaşyklaryñ ýola goýulmagynyñ 30 ýyllygy mynasybetli paýtagt Ankarada “ dost we doganlyk ýurtlar bilen diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy” atly çäre gurnaldy

06 Haziran 2022 16:42

Millet Kitaphanada geçirilen çärä, Türkiýäniñ daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Azerbaýjanyñ daşary işler ministri Jeýhun Baýramow we 10 döwletiñ Türkiýe Respublikasyndaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçileri we ilçihana işgärleri gatnaşdy.

Ministr Çawuşogly çärede eden çykyşynda, bu döwletleriñ garaşsyzlyklaryny ilkinji bolup Türkiýäniñ ykrar edendigini ýatladyp ýewraziýanyñ dünýäniñ esasy strategik sebitlerinden biri bolandygyna ünsi çekdi.

Ministr Çawuşogly; “ Ukraina urşy hemmämize täsirini ýetirýär. Urşuñ başlan gününden bäri urşa garşy bolandygymyzy aç-açan mälim etdik. Bir tarapdan Ukraina maddy-ruhy goldaw berýäris şol wagtda diplomatik netije almak üçin öz üstümize düşen wezipäni doly berjaý edýäris”-diýdi.

Çawuşogly sebitde parahatçylygyñ we durnuklulugyñ üpjün edilmegi üçin Türkiýäniñ elinden gelenini gaýgyrmajakdygyny aýtdy.

Ministr Çawuşogly, Russiýa-Ukraina urşy sebäpli dünýäde baş berýän energiýa krizisden ýewropa ýurtlarynyñ az täsirlenmegi üçin Türkiýäniñ tagalla edýändigine ünsi çekip bu mesele boýunça esasanam Azerbaýjanyñ üstünde uly jogapkärçiligiñ bolandygyny aýtdy.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, energiýa krizisi boýunça öñümizdäki günlerde Türkiýe-Gazagystan- Türkmenistan üçtaraplaýyn maslahatyñ geçiriljekdigini habar berip Merkezi Aziýa we Kawkazyñ durnuklylygyna we gülläp ösmegine goşant goşmagyň Türkiýäniň daşary syýasatynyň esasyny düzýändigini aýtdy.

Ministr Çawuşogly, Özbegistan, Gyrgyzystan, Gazagystan we Türkmenistan bilen Türkiýäniñ arasyndaky gatnaşyklar barasynda bolsa “ Türki döwletleriñ Guramasy umumy hyzmatdaşlygymyzyñ miwesidir”-diýdi.

Türkiýäniň Belarusiýa, Gruziýa, Ukraina we Moldowa bilen dostlukly gatnaşyklara eýe bolandygyny belläp geçen Çawuşogly, "Strategiki hyzmatdaşlarymyz Ukraina, Moldowa we Gruziýanyñ özygtyýarlylygyny we territorial bitewiligini goldaýarys" -diýdi.

Çäre, gatnaşyjylaryň bilelikde foto-surat çekilişi, aýdym-saz konserti we halk tanslary bilen soñlandy.

Habarlar