turki-ni-tunjeli-wela-atyndaky-kyrkmerdiwan-sarlawuklary

Türkiýäniñ Tunjeli welaýatyndaky Kyrkmerdiwan Şarlawuklary

Tunjeliniñ Owajyk etrabyndaky Kyrkmerdiwan şarlawuklary, şäheriñ başagaýlygyndan daşlaşmak isleýänlere uly mümkinçilik hödürleýär.

09 Haziran 2022 11:46

Munzur we Merjan daglarynyñ arasynda 1500 metr beýiklikde orun alýan Tunjeli welaýatyñ Owajyk etrabynyñ adamyñ eliniñ degmedik tebigaty, dört pasylda özboluşly gözelligi bilen adamlary özüne bendi edýär.

Soñky ýyllarda täze syýahatçylyk ýollarynyň açylmagy bilen welaýatyñ eýe bolan gözellikleri ýüze çykarylan etrapda giňden ýaýraýan dag syýahatçylyk pudagy ýerli ýaşaýjylara girdeji üpjün edýär.

Ýedi müñe golaý ilatly etrap, gyş paslynda lyža sportyñ janköýerlerini, bahar we tomus paslynda bolsa kamp, rafting, welosiped ýörişi we trekking janköýerlerine ýer eýeçiligi edýär

Munzur daglaryndan gelen ýerasty we gar suwlary akýan Kyrkmerdiwan şarlawuklary hem howanyñ ýylamaga başlamagy bilen goñşy etrap we welaýatlardan köp sanda syýahçylara ýer eýeçiligi edýär.

Owadan tebigata eýe bolan şarlawuklary görmek isleýän myhmanlar, ulaglary bilen etrap merkezinden ýola çykyp Gözeler obasyna gelýär. Soñ bolsa Munzur dagyñ arasyndaky çuñ jülgede ýörişlerine başlaýarlar. Ýörişde seýrek ösümlikleri we ýabany tekeleri görip bolýar.

15 kilometrlik ýörişden soñ şarlawuklara ýetýän myhmanlar birnaçe sagat dynç almak üçin piknik edýärler.

Bu ýerik gezelenje gelen adamlar sebitdäki 4 şarlawugy we töweregini gezelenç edip şäheriñ başagaýlygyndan daşlaşýarlar.

Habarlar