11 Kasım 2021 10:58
Türk Geñeşi tarapyndan berilen ýazmaça beýannamada, Sammite Azerbaýjan Respublikasynyñ prezidenti Ilham Aliýew, Gazagystan Respublikasynyñ prezidenti Kasym Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyñ prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistan Respublikasynyñ prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Türkmenistan Respublikasynyñ prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Wengriýanyñ premýer ministri Wiktor Orban we Türk Geñeşiñ baş sekretary Bagdat Amreýewiñ gatnaşmagyna garaşylýar.
"Sanly döwürde ýaşyl tehnologiýalar we akylly şäherler" temasy bilen geçiriljek sammitde döwlet ýolbaşçylar gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar we guramanyň geljegi bilen baglanyşykly birnäçe möhüm meseleler boýunça kararlar kabul ederler.
Sammitde, Türkmenistanyň gurama “synçy” agzasy hökmünde gatnaşmagy, üçünji ýurtlar we guramalar bilen gatnaşyklary we “synçy” statusy agzalygynyň ölçegleriniñ kesgitlenmegi, Türk maýa goýum gaznasynyň döredilmegi we tassyklanmagy bilen guramanyň orta we uzak möhletleýin maksatnamasyny öz içine alýan "Türk dünýäsi 2040 maksatnamasynyñ" tassyklanmagyna garaşylýar.
Şeyle-de liderler sammitde sebitleýin we halkara syýasy we ykdysady meseler barasynda pikir alyşarlar.
Türk Geñeşiniñ döwürleýin başlyklyk wezipesiniñ Azerbaýjandan Türkiýä geşjek sammitde, döwlet ýolbaşçylar Türk Geñeşiniñ VIII liderler sammitiniñ jemleýji resminamasy bolan Stambul Jarnamasyna we köp sanly kararlara gol çekerler.