2020-nji-ylda-gazagystanda-doglan-b-bekleri-sany-rekord-derejede-kopeldi

2020-nji ýylda Gazagystanda doglan bäbekleriň sany rekord derejede köpeldi

2020-nji ýylda Gazagystanda 425,6 müň bäbek dünýä indi bu san bilen soňky 33 ýylyň rekordy geçildi.

23 Şubat 2021 19:48

Gazagystanyň Milli Statistika Guramasy tarapyndan 2020-nji ýylyň ýanwar-dekabr aýlary aralygynda ýurtda doglan bäbekleriň sany çap edildi.

Çap edilen hasabata görä; 2020-nji ýylda Gazagystanda 425,6 müň bäbek dünýä indi we bu san bilen, 1987-nji ýylda doglan bäbek sanynda goýulan rekord (417 müň) geçildi.

Geçen ýyl Gazagystanda doglan bäbekleriň sany 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende 5,6 göterim (22,6 müň) köpeldi. Şol döwürde doglan bäbekleriň 58,4 göterimi (248,7 müň) şäherlerde, 41,6 göterimi (176,9 müň) bolsa oba ýerlerinde hasaba alyndy.

Habarlar