2020-nji-ylda-ozbegistana-1-5-million-sy-ahatcy-gezm-ge-geldi

2020-nji ýylda Özbegistana 1,5 million syýahatçy gezmäge geldi

Özbegistana daşary ýurtlardan gelýän syýahatçylaryň sany kowid-19 epidemiýasy sebäpli geçen ýyl 4 esse azaldy we takmynan 1,5 milliona ýetdi.

24 Şubat 2021 16:52

Özbegistanyň wise-premýeri we syýahatçylygy ösdürmek boýunça döwlet komitetiniň başlygy Aziz Abduhakimow geçiren metbugat ýygnagynda dünýäde baş berýän kowid-19 ýokanç keseli sebäpli 2020-nji ýylda daşary ýurdan gelýän syýahatçylaryň sanynyň 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende ep-esli azalandygyny nygtap  ýurda 2020-nji ýylda  1 million 504 müň syýahatçyň gelendigini habar berdi.

Abduhakimow şu ýyl ýurda 1,7 million daşary ýurtly syýahatçynyň gelmegine garaşylýandygyny we syýahatçylyk pudagyndan 370 million dollar girdeji gazanmagy meýilleşdirilendigini aýtdy.

Abduhakimow şeyle-de koronawirus epidemiýasy sebäpli daşary ýurtlardan gelýän syýahatçylaryň sanynyň ep-esli azalandygy üçin içerki syýahatçylygyň ösmegine uly ähmiýet berýändiklerini we bu çäkde geçen ýyl 1,8 million ýerli syýahatçylaryň sanyny. 7,5 milliona ýetirmegi maksat edinýändiklerini aýtdy.

2019-njy ýylda Özbegistana gelen syýahatçylaryň sany 26,2 göterim köpelip, 6,748 milliona ýetdi we  syýahatçylyk girdejisi 1,3 milliard dollar boldy.

 

Habarlar