2020-nji-ylda-tapgyrla-yn-agda-da-acylan-dktr-ny-maras-sy-ahatcylyk-merkezind

2020-nji ýylda tapgyrlaýyn ýagdaýda açylan DKTR-nyñ Maraş syýahatçylyk merkezinde dynç almaga gelenleriñ sany 330 müñi geçdi

DKTR-nyñ Gazimagusa sebitinde orun alýan we tapgyrlaýyn ýagdaýda 2020-nji ýylyñ 8-nji oktýabrynda açyylan we 2021-nji ýylyñ iýul aýynda 2-nji tapgyra geçilen Maraşda häzirki wagta çenli 3,5 kilometrlik meydan harby sebit statusyndan çykarylyp halka açyldy.

21 Ocak 2022 18:17

Maraş sebitine koronawirus epidemiyasy döwründe hem köp sanda ýerli we daşary ýurtly syýahatçy gezmäge geldi.

Maraşda atylan gadamlar bilen sebitiñ durky doly üýtgedi. Türkiýäniñ goldaw bermeginde Gazimagusa şäher häkimligi sebitde kafeler we welosiped ýollaryny açdy. 2021-nji ýylda bolsa 800 metrden uzyn iki plaž açyldy.

2021-nji ýylyñ 19-njy iýunynda bolsa sebite awtobus gatnawlary başladyldy.

Gazimagusa şäher häkimligi tarapyndan demokratiýa şaýoluñ ugrundaky köne şäher häkimligi seýilgähiniñ durky tazelenip 2021-nji ýylyñ 20-nji iýulynda açyldy.

Bilal Aga metjidi 2021-nji ýylyñ 20-nji iýulynda ybadata açyldy.23-nji iýulda ilkinji juma namazy okaldy.

Sebitde jemgyýetçilik guramalary tarapyndan köp sanda sport çäreleri gurnalýar.

Maraş sebitiñ açylma tapgyry

DKTR-de 2019-njy ýylyñ 18-nji iýulynda  geçirilen ministrler kabinetiñ mejlisinde 1974-nji ýyldan bäri ýapyk bolan Maraş sebitiñ açylmagy üçin atyljak gadamlar we hünärmen toparlar bilen ylmy inwentar gözleg geçirmek karary kabul edildi.

Maraş sebitiñ demokratiýa şaýoly we kenarýaka böleginiñ bir bölümi 2020-nji ýylyñ 8-nji oktýabrynda halka açyldy.

Ministrler kabinetiñ karary bilen 2021-nji ýylyñ 12-nji iýulynda Maraş sebitiñ 2-nji tapgyry çäginde sebitiñ bir bölegi harby statustan çykarylyp  3,5 kilometrlik bölek halka açyldy.

Habarlar