2021-nji-yl-turki-e-turkmenistan-gatnasyklary-ta-dan-netijeli-bir-yl-boldy

2021-nji ýyl Türkiýe-Türkmenistan gatnaşyklary taýdan netijeli bir ýyl boldy

Türkiýe Respublikasynyñ Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral, 2021-nji ýýlyñ Türkiýe we Türkmenistan arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek taýdan netijeli ýyl bolandygyny aýtdy.

19 Ocak 2022 20:12

Türkiýe Respublikasynyñ Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral, Ilçihananyñ binasynda geçiren metbugat ýygnagynda ýerli we daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriñ wekillerine Türkiýe we Türkmenistan arasyndaky gatnalyklar barasynda beýanat berdi.

Ilçi Togan Oral, 2021-nji ýylyñ noýabr aýynda Türkmenistanyñ prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyñ karary bilen Türkmenistanyn Türki Döwletleriñ guramasyna “synçy agza” bolmagy bilen guramanyñ ähli maşgala agzasynyñ tamamlanandygyny aýtdy.

Türkmenisanyñ Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyñ XV sammitine ýer eýeçiligi edendigini nygtan Oral: “ Türkiýe Respublikasynyñ prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyñ hem gatnaşmagyna geçirilen sammitiñ çäginde iki ýurduñ arasynda söwda, bilim we media pudagy ýaly ençeme ugurlar boýunça ähtnama we şertnamalara gol çekildi. 2021-njji ýyl ikitaraplaýýn gatnaşyklary ösdürmek taýdan diýseñ netijeli bir ýyl boldy.”-diýdi.

Ilçi Togan, Türkmen lideri  Gurbanguly Berdimuhamedowyñ Prezident Rejep Taýyp Erdogana Türkmenistanyň “Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin” diýen ordenini gowşurandygyny aýtdy.

Ilçi Togan, Iki ýurduň arasyndaky söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk bilen bir hatarda transport pudagyndaky gatnaşyklaryň hem geçen ýyl ösendigini belläp: “ epidemiýa döwründe Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasynda jemi 26 ýörite uçuş gatnawy amala aşyran Türk Howa ýollarynyň, geljekde yzygiderli uçar gatnawlary başlatmagyny tama edýäris ". -diýdi.

Türkiýe Respublikasynyñ Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral metbugat ýýgnagynda Türkiýe stependiýalary programmasy barasynda hem giñişleýin maglumat berdi.

Habarlar