2021-nji-ylda-tebigy-gaz-onumciliginde-rekord-go-uldy

2021-nji Ýylda Tebigy Gaz Önümçiliginde Rekord Goýuldy

Türkmenistanyñ Türkiýe Respublikasyndaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Işanguly Amanlyýew, Türkmenistanda 2021-nji ýylda tebigy gaz önümçiliginde 83 milliard 772,9 million kub metre ýetilendigini habar berdi.

15 Şubat 2022 16:33

Türkmenistanyñ Türkiýe Respublikasyndaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Işanguly Amanlyýew tarapyndan guralan brifingde 2021-nji ýylda Türkmenistanda syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda ýetilen ösüşler barasynda giñişleýin maglumat berildi.

Ilçi Amanlyýew, Türkmenistanyñ Şanly Garaşsyzlyk toýunyñ 30 ýyllygynyñ uly dabara bilen bellenedigini nygtap Türkmenistanda 2022-nji ýylyñ şygarynyñ “ Halkyñ Arkadagly Zamanasy” diýip yglan edilendigini habar berdi.

Ilçi Amanlyýew, 2021-nji ýylda Türkmensitanyň milli girdejisiniň 6,2 göterim artandygyny nygtap ýurduñ ykdysady pudaklarynda sanly ulgama geçiljekdigini we daşary ýurtlara garaşlylygyň azaldyljakdygyny habar berip, kiçi we orta ululykdaky kärhanalaryň hem ýaýbaňlandyryljakdygyny aýtdy.

Bugdaý we pagtanyň ýurduñ esasy oba hojalyk önümleriniň biridigini belläp geçen  Amanlyýew: “2021-nji ýylda teibgy gaz önümçiliginde 83 milliard 772,9 million kub metr, bugdaý önümçiliginde 1 million 485 müň tonna we pagta önümçiliginde bolsa 1 million 280 müň tonna ýetdik”-diýdi.

Ilçi Amanlyýew 2021-nji ýylda ýurduñ tapawutly şäher we welaýatlarynda köp sanda taslamalaryñ durmuşa geçirilendigini we täze desgalaryñ hyzmata açylandygyny habar berip 2022-nji ýylda önde goýulan maksatnamanyñ maksatlarynyñ ýurduñ hasam gülläp ösmegi üçin köp sanda taslamalaryñ durmuşa geçirmek bolandygyny aýtdy.

Brifinge prezidentiñ baş geñeşçisi Ýalçyn Topçu, Türkiýe-Türkmenistan Dostluk Toparynyñ başlygy Adalat we Ösüş partiýasynyñ deputaty Ibrahim Aýdemir bilen köp sanda myhman we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriñ wekilleri gatnaşdy.

Habarlar