2022-nji-yl-gyrgyzystanda-dag-ekosistemalaryny-gorap-saklamak-we-howa-calsygy

2022-nji ýyl, Gyrgyzystanda "Dag ekosistemalaryny gorap saklamak we howa çalşygyna çydamlylyk ýyly" diýlip yglan edildi

Gyrgyz Respublikasynyñ prezidenti Sadyr Žaparowyñ 2022-nji ýylyny “Dag ekosistemalaryny gorap saklamak we howa çalşygyna çydamlylyk ýyly" diýlip yglan edilmegi boýunça kararnama gol çekendigi mälim edildi.

03 Şubat 2022 16:48

Prezident Diwanyndan berilen beýannamada, Prezident Sadyr Žaparowyñ gol çeken kararnama bilen howa çalşygyna çydamlylygy güýçlendirmek, tebigy mirasy gorap saklamak we “Halkara durnukly dag ösüş ýyly" bilen baglanyşykly çäreleri gurnamagy maksat edinilendigi mälim edildi.

Ministrler kabinetine 2022-nji ýylyň 1-nji martyna çenli "Dag ekosistemalaryny gorap saklamak we howa çalşygyna çydamlylyk ýyly " boýunça iş meýilnamany işläp düzmek we tassyklamak tabşyryldy.

Prezident Žaparowyñ başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasy 2022-nji ýyly “Halkara durnukly dag ösüş ýyly” diýip yglan etdi.

 

Habarlar