3-mu-yllyk-taryha-e-e-bolan-asyk-o-ny

3 müñ ýyllyk taryha eýe bolan: Aşyk oýny

Gazagystanda 3 müñ ýyllyk taryha eýe bolan aşyk oýny ýaş nesle öwredilýär.

03 Nisan 2021 00:49

Ýurduñ ähli künjeginde oglanjyklar tarapyndan oýnalýan aşyk oýny örän şüweleňli geçýär. Aşyk oýny üçin goýundyr geçiniň esasan yzky aýaklaryndaky aşyk süňkleri saýlanyp alynýar. Aşyk oýnunda ýaşy ulurak oglanlar tarapyndan iri şahly mallaryň aşyk süňki, has ýaşajyk oglanjyklar tarapyndan bolsa guzynyň aşyk süňki ulanylýar. 

Aşyk oýnamak üçin her oýunçy bir aşygyny bellenilen düz ýere setir edip goýýarlar. Soňra kimiň oýna başlamalydygy we dowam etmelidigi bije atmak arkaly çözülýär. Aşyklar belli bir aralykda, adatça, iki-üç metr daşlykda goýulýar. Ýaşy ulurak oglanlar aşyklary ondan hem daşrakda goýup oýnaýarlar. Oýunçylaryň aşygy zyňýan ýeri çyzyk bilen bellenilýär. Oýnuň şertine görä, belligi bassaň ýa-da oýun wagty aýagyň bellikden geçse, ol oýunçynyň utugy hasap edilmeýär. Urlup setirden çykarlan aşyk bolsa, onuň utygy hasaplanylýar. 

Gazagystanda 2011-nji ýylda döredilen Aşyk Atma Federasiýasy, Birleşen Milletler Guramasynyñ Bilim, Ylym we Medeniýet Guramasy (ÝUNESKO) tarapyndan 2020-nji ýylda  adamzadyñ maddy däl medeni mirasynyñ sanawyna girizen aşyk oýnuny hasam ýaýbañlaşdyrmak üçin tagalla edýär.

Federasiýa, açýan kurslary we gurnaýan bäsleşikleri bilen aşyk oýnuny oýnaýanlaryñ sanyny köpeltmegi maksat edinýär.

Aşyk Atma Federasiýanyn başlygy Žomart Sadyržanow beren interwýusynda, Gazagystanyñ Garaşsyzlygyny yglan edeninden soñ aşyk oýny ýaly milli sport oýunlaryna uly ähmiýet berilmäge başlanadygyny nygtap; “ 7 ýyl ozal aşyk oýnunyñ şertlerini kabul etdik, wagtyñ geçmegi bilen oýna täze şertler goşduk we ýaş nesillere öwretmäge tagalla edýäris”- diýdi.

Aşyk oýnuny sportyñ bir görnüşine öwürmek için tagalla edýändiklerine ünsi çeken Sadyržanow, "Bu oýun ýurduň ähli orta mekdeplerinde bedenterbiýe okuw meýilnamasynyň çäginde öwredilýär. Häzirki wagtda 10 müňden gowrak çaga aşyk oýnuny oýnaýar. Aşyk oýnuna bolan gyzyklanma günsaýyn artýar.”-diýdi.

Aşyk oýnunyň ösmegine döwletiň uly goldaw berýändigini mälim eden Sabyržanow: “Geçen ýyl aşyk oýny ÝUNESKO-nyň adamzadyñ maddy däl medeni mirasynyñ sanawyna girizildi. Bu uly üstünlik "-diýdi.

Habarlar