30-yldan-b-ri-di-me-n-agry-hojaly-gyrgyncylygy

30 ýyldan bäri diñmeýän agry: Hojaly Gyrgynçylygy

Azerbaýjanlylar, Ermenistanyñ ýaragly güýçleriniñ 1992-nji ýylyñ 26-njy fewralynda Hojaly şäherçesinde çaga, zenan, garry diýmän rehimsizlik bilen öldüren doganlaryny uly hormat bilen hatyralaýar.

26 Şubat 2022 10:47

Ermeni güýçleri 1992-nji ýylyň oktýabr aýynda Hojaly şäherçesini gabaw astyna aldy.
Şäherçäniň elektrik togy we agyz suwy kesildi.
Hojaly şäherçesi ermeniler tarapyndan birnäçe hepde top okuna tutuldy.
Ermeniler 25-nji fewraldan 26-njy fewrala geçilýän gije herekete geçdiler.
Şäherçä girmek we çykmak gadagan edildi.
Ýeňil ýaraglar bilen şäherçäni goraýan 150 adamlyk harby toparyň agzalary dolulygyna öldürildi.
Halkyň bir bölegi tokaýa gaçmaga çalyşdy.
Hem Ermenistandan gelen hem-de Garabagly ermenilerden ybarat güýçler asuda ilatyň öňüni kesdi, soň asuda halky gyrgyna bermäge başlady.
Şol gije 613 Azerbaýjanly öldürildi, öldürlenleriň 106-sy zenan, 83-i çaga we 70-i garrydy.  
Garaňky gijede 500-e golaý adam ýaralandy, 1275 adam Ermeniler tarapyndan ýesir alyndy. Ýesir alynan 68 zenan we 26 çaganyñ aralarynda bolan 150 adamdan hiç habar alynmady.

Adamzat taryhynyñ gara tegmili bolan Hojaly Gyrgynçylygyndan soñ Azerbaýjanyñ prezidenti Aýaz Muttalibow wezipesinden çekildi. Azerbaýjanyñ parlamenty Hojalyda baş beren wakalary “ gyrgynçylyk”diýip yglan etdi.

Şugünki güne çenli 15 ýurduñ parlamenty we ABŞ-nyñ 16 ştatynyñ mejlisi Hojalyda baş beren wakalary “ gyrgynçylyk” diýip häsiýetlendirýän kararlar kabul etdi.

Habarlar