600-yllyk-cynar-agaclaryny-kolegesinde-seki-han-koski

600 ýyllyk çynar agaçlarynyñ kölegesinde: “Şeki Han Köşki”

Azerbaýjanyñ taryhy we tebigy gözellikleri bilen tanymal bolan Şeki şäheri, ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryñ köp gezmäge gelýän şäheri. Kowid-19 pandemiýasy sebäli ýurda girişleriñ çäkli bolmagyna garamazdan ÝUNESKO-nyñ Bütindünýä Miras sanawynda orun alýan Şeki Han Köşkine ýerli syýahatçylar uly gyzyklanma görkezýär.

27 Mart 2021 00:19

600 ýyllyk taryhy çynar agaçlarynyñ kölegesinde myhmanlaryna gujak açýan Şeki Han köşki gözelligi bilen taryha yşyk saçýar.

Azerbaýjanyñ Şeki şäherinde ýerleşýän taryhy Şeki Han köşki, Sowýet Soýuzy döwründen soñ sebitdäki ýykylman galan ýeke täk köşki. Gurluşygynda hiçbir çüý ýada ýelim ulanylmadyk köşk we diwarlaryň içinde galan taryhy mähelle, BMG-nyň 43-nji Bütindünýä miras komitetiniň mejlisinde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras sanawyna girizildi.

Şeki Han köşküniñ edil öñündäki 600 ýaşyndaky iki sany taryhy çynar agaçlary myhmanlary garşylaýar. Töweregi diwarlar bilen örtülen köşk iki gatly, alty otagly we iki sany aýnaly balkondan ybarat.

18-nji asyrda gurulan köşküñ aýnalaryndaky agaç sunalama sungaty döwrüniñ iñ naýbaşy nusgalaryndan biri. Diwarlary reňkli nagyşlar, keşpler we söweş sahnalary bilen bezelen Han köşgi, bize gurlan döwri barasynda maglumat berýär.

Azerbaýjan arhitekturasynyñ iñ naýbaşy nusgalaryndan biri bolan Şeki Han köşki, döwrüniñ patyşalarynyñ tomus paslynda myhmanlaryny kabul edýän ýeridi. Şeki han köşkine zamanamyzda ýerli syýahatçylar uly gyzyklanma görkezýär.

Habarlar