77-kilometrlik-ulugbeg-kan-ony-tebigaty-so-ujuleri-ozune-bendi-ed-r

77 kilometrlik Ulugbeg kanýony tebigaty söýüjüleri özüne bendi edýär

Dünýäniñ iñ uly kanýonlary arasynda orun alýan Ulugbeg kanýony, tebigaty söýüjülere we arkaýynlygy söýýänlere başgaça dynç alyş mümkünçiligi hödürleýär.

06 Mayıs 2022 21:34

Uly Menderes Grabeniñ çökmegi bilen emele gelen 77 kilometrlik dünýäniñ iñ uzyn kanýonlary arasynda orun alýan Ulugbeg kanýonyñ käbir ýerleri 170 metr çuñluga we 500 metr giñişlige ýetip bilýär. Dokuzsele we Banaz çeşmeleriniñ geçýän kanýon, mämişi çalýan gaýalary we ýaşyl reñkiñ dürli görnüşindäki ösümlik dünýäsi bilen özüne bende edýär.

Kanýonyñ ugrunda Blaundos gadymy şäher, 1800 ýyllyk gaýa mazarlary we Osman we Seljuk döwrüne degişli taryhy galyntylar orun alýar.

Kanýona gezmäge gelenler 2015-nji ýylda Uşak gubernatorlygy tarapyndan gurlan ýerden takmynan 125 metr beýiklikde orun alýan aýna eýwandan kanýony tomaşa edip bilýärler.

Kanýonyñ edil ortasynda orun alýan” Uly Asar” we “ Kiçi Asar” diýilýän iki sany depäniñ töwereginden geçýän Banz we Dokuzsele akarsuwyñ döreden çylşyrymly gurluşlar bu ýere gelýänlere täsir galdyryjy yz galdyrýar.

Tebigatyñ goýnunda ýöriş etmek isleýän adamlaryñ gelýän bu kanýon adrenalin söyüjileri hem özüne çekýär.

Habarlar