a-asof-a-metjidinde-88-yl-so-ilkinji-gezek-tarawa-namazy-okalar

Aýasofýa metjidinde 88 ýyl soñ ilkinji gezek tarawa namazy okalar

2020-nji ýylyñ 24-nji iýulynda gaýtadan ybadata açylan Aýasofýa metjidinde tarawa namasy okalar.

30 Mart 2022 13:14

Musulman dünýäsi üçin uly ähmiýete eýe bolan mukaddes 3 aýlaryñ soñkysy bolan Remezan aýynda metjitlerde koronawirus epimiýasyna garşy göreş çäginde jemagat bilen namaz okamak gadagan edilipdi.

Metjitlerde 1-nji aprel anna gününden başlap ýañadan tarawa namazlary okalyp başlanar.

Aýasofya metjidinde 88 ýyl soñ ilkinji gezek tarawa namazy okalar. 2020-nji ýylyñ 24-nji iýulynda ybadata açylan metjitde tarawa namazynyñ okalyp başlanmagy mynasybetli şükür namazy okalar. Hepdäniñ anna, şenbe we ýekşenbe günlerinde tarawa namazy Enderun görnüşde okalar.

Remezan aýy dowamynda Aýasofýa metjidinde köp sanly çäreler gurnalar. Bu çäkde Remezan aýy dowamynda öýlän sagatlarynda wagyz ediler, Anna günleri bolsa ertir namasyndan soñ temjid, galan günlerde bolsa sala okalar.

Remezan aýy dowamynda Stambul şäherindäki 158 metjit 7/24 ybadata açyk bolar.

Habarlar