a-s-puskin-adyndaky-dowlet-rus-drama-teatry

A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry

Rus drama teatry L.Lonskoýyň ýolbaşçylyk etmeginde 1926-njy ýylyň oktýabr aýynda döredildi.

27 Mayıs 2022 15:06

Bu teatr Merkezi Aziýada ilkinji döredilen rus teatrydyr. Teatr açylanda, onuň ýanynda teatr-studiýa döredilýär. Teatr-studiýany 1929-njy ýylda tamamlan uçurymlar şol wagtky Mollanepes adyndaky baş drama teatrynyň ilkinji döredijilik toparynyň artistleri bolup işe başlaýarlar. Gysga döwürde teatr Türkmenistanyň paýtagtynyň iň köp tomaşaçyly medeni merkezine öwrülýär.

1937-nji ýylda teatra beýik rus şahyry A.S.Puşkiniň ady dakylýar. 1941-1945-nji ýyllaryň urşy döwründe teatryň artistleri döredijilik toparlarynyň arasyna goşulyp, esgerleriň ruhuny götermek, olaryň ýeňşe bolan ynamyny artdyrmak üçin konsert meýilnamalary bilen frontlarda çykyş etdiler.

48-nji ýylda bolan aýylganç ýer titremesinden birnäçe aý soň, teatryň jaýynyň abat galan 1-nji gatynda G.Muhtarowyň «Allan aganyň maşgalasy» atly oýny bilen 1948-1949-njy ýylyň teatr möwsümi açylýar. Biraz wagtdan soňra teatryň täze jaýy gurlup, ulanylmaga berilýär.

1950-nji ýylyň ortalaryna A.S.Puşkin adyndaky rus drama teatry ýurduň çäginden daşarda-da tanalyp başlanýar. 1955-nji ýylda Moskwada geçen Türkmen edebiýatynyň we sungatynyň günlerinde teatr A.Çehowyň «Üç uýa», G.Muhtarowyň «Şadyýan myhman» we G.Seýitliýewiň «Jahan» atly iň ajaýyp oýunlaryny tomaşaçylara hödürleýär. Görkezilen spektakllar Moskwa metbugaty tarapyndan ýokary baha mynasyp bolýar.

Türkmenistanyň onlarça belli režissýorlarydyr artistleri bu teatryň işine öz ömürlerini bagyş etdiler. Döwrüniň belli artistleri bu teatrda zähmet çekdiler hem-de teatr sungatynyň ösmegine önjeýli goşant goşdular.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde teatr özüniň täze ösüş ýoluna gadam basdy hem-de 100-e golaý spektakllar, onlarça edebi-çeper kompozisiýalar tomaşaçylaryň dykgatyna ýetirildi. 

2007-nji ýylda Ý.Bekiýewiň ýolbaşçylygynda teatr studiýasy açyldy. Studiýada häzirki döwürde tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan birnäçe zehinli artistler taýýarlanyp ýetişdirildi. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe teatryň taýýarlaýan spektakllarynyň sanawyna dünýä dramaturgiýasynyň nusgawy eserleri goşuldy. 

Habarlar