adamzat-taryhyny-gara-tegmili-hojaly-gyrgyncylygy

Adamzat taryhynyň gara tegmili: Hojaly gyrgynçylygy

Azerbaýjan halky, 1992-nji ýylyň 26-njy fewralynda Ermenistanyñ ýaragly güýçleri tarapyndan Hojaly şäherçesinde öldürülen doganlaryny hatyralaýar.

26 Şubat 2021 13:27

Azerbaýjan halky, 1992-nji ýylyň 26-njy fewralynda Ermenistanyñ ýaragly güýçleri tarapyndan Hojaly şäherçesinde öldürülen doganlaryny hatyralaýar

Hojaly gyrgynçylygynyñ üstünden 29 ýyl geçdi…Azerbaýjan halkynyñ kalbyndaky agry henizem geçenok. Adamzat taryhynyñ gara tegmili bolan bu gyrgynçylyk hiç haçan ýatdan çykarylmajak hem bolsa şöhratly Azerbaýjan goşununyñ Daglyk Garabagda gazanan ýeñişi Azerbaýjanlylaryñ ýüregine  azam bolsa ýeñillik berdi.

Azerbaýjanlylaryň indi isleýän  ýeke täk dilegi ol hem Hojaly gyrgynçylygynyñ jogapkärleriniñ kazyýetiñ öñüne çykarylmagy we adalatyň ýerine ýetirilmegi.

Azerbaýjan Milli Mejlisiñ başlygynyñ orunbasary Adil Aliýew beren beýanatynda Hojalyda baş beren wakalaryň adamzat taryhynyñ iň uly jenaýatlaryndan biridigini we baş beren wakalary halkara hukuk "genosid" hökmünde ykrar edendigini aýtdy.

Aliýew Hojalyda baş beren wakalaryñ, 1949-njy ýyl Ženewa konwensiýasy, Birleşen Milletler Guramasynyň Genosid jenaýatynyň öňüni almak we jezalandyrmak baradaky konwensiýasy, Raýat we Syýasy hukuklar konwensiýasy, çagalaryň hukuklarynyň ýola goýulmagy Şernamasy ýaly köp sanda halkara konwensiýalaryñ basgalanmagy manysyny aňladýandygyny aýtdy.

Aliýew, II jahan urşundan soň döredilen Nýuremberg kazyýeti, ozalky Ýugoslawiýanyň Halkara Jenaýat Kazyýeti we Ruandanyň Halkara Jenaýat Kazyýetini mysal görkezip Hojaly gyrgynçylygy üçin  meňzeş kazyýetiñ döredilmelidigini aýtdy.

Habarlar