ahyska-surguni-ertir-trt-avaz-tele-a-lymynda-a-lyma-beriler

“Ahyska sürgüni" ertir TRT Avaz teleýaýlymynda ýaýlyma beriler

Kawkazdan başlap, Merkezi Aziýa sürgin edilen adamlaryñ gürrüň berýän "Ahyska sürgüni" dokumental film ertir TRT Awazda ýaýlyma berler.

13 Kasım 2021 19:21

Sowýet Soýuzy döwründe Staliniñ buýrugy bilen 1944-nji ýylyñ 14-nji noýabrynda  häzirki wagtda Gruziýada ýerleşýän Ahyska  sebitinde ýaşaýan türkleriñ otly wagonlaryna ýüklenip, Merkezi Aziýa sürgün edilmegini gürrüň berýän "Ahiska sürgüni" dokumental filmi bäş bölümden ybarat.

Her hepde bir bölümi ýaýlyma beriljek dokumental-filmiñ 1-nji bölümi ertir Türkiýe sagady bilen 20:30-da TRT Awaz teleýaýlymynda ýaýlyma berler.

Berilen gürrüñler, taryhy gözlegler arkaly sürgün bilen baglanyşykly dokumental film Gazagystan, Gyrgyzystanda, Özbegistan, Azerbaýjan we Gruziýada düşürildi. Geljekki nesillere miras galdyryljak resminama bolma aýratynlygyna  eýe bolan bu dokumental film, bäş ýurtdan  sürgüne şaýat bolan jemi 75 adam  bilen surata düşürildi.

Dokumental filmiñ gala görkezilişi, sürgüniñ 75-nji ýylynda geçirilýän hatyralama çareleri çäginde Prezident Kompleksinde geçirildi.

Habarlar