ak-s-herim-asgabat-atly-xxi-kopugurly-halkara-sergi

“Ak şäherim Aşgabat” atly XXI köpugurly halkara sergi

Türkmen paýtagtynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXI köpugurly halkara sergi geçirildi.

27 Mayıs 2022 11:20

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Aşgabat şäheriniň gününe gabatlanyp geçirilen bu sergi, paýtagtyň gözel keşbinde öz beýanyny tapan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan özgertmeleriň giň gerimini aýdyň açyp görkezýär.

Häzirki wagtda Aşgabat dünýäniň iň owadan hem-de ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwrüldi. Sergide görkezilýän taslamalaryň köpüsi şu ýyllaryň dowamynda paýtagta bezeg berýän ajaýyp binalaryň hem-de binagärlik toplumlarynyň mysalynda durmuşa geçirildi. Olar ýurtda amala aşyrylýan özgertmeleriň anyk subutnamalary hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Ýurtda emele gelen durnukly ykdysady hem-de syýasy ýagdaý, kanuny taýdan kepillikler we döwlet goldawy daşary ýurtly maýadarlar üçin Türkmenistanyň barha artýan özüne çekijiliginiň esasy şertleriniň biridir. Ýakyn geljek üçin maýa goýumlary höweslendirmek boýunça toplumlaýyn çäreler işlenip taýýarlanylanda ýurduň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak arkaly dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagyny hem-de senagatlaşdyrmagyň derejesini çaltlandyrmak, tehnologik işleri ösdürmek, durmuş ugurly bazar ykdysadyýetini kemala getirmek, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak ýaly esas goýujy ýörelgeler hasaba alyndy.

Sergä ýurduň we daşary ýurt kompaniýalarynyň hem-de kärhanalarynyň köp sanlysy, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik edaralaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Serginiň guramaçylary — Aşgabat şäher häkimligi hem-de Söwda-senagat edarasy her ýyl bu gözden geçirilişiň maksatnamasyna gurluşyk we binagärlik, elektrik energetikasy, gaýtadan işleýän we ýerli senagat, bezeg işleri, şäher düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, medeniýet, syýahatçylyk, sport ulgamlaryny ösdürmek ýaly ugurlary girizýärler. Bu ulgamlaryň ösüş depginleri wideoşekillerde, desgalaryň kiçeldilen nusgalarynda, çaphana önümlerinde — surat toplumlarynda, ýörite kitapçalarda we žurnallarda öz beýanyny tapdy.

Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, türkmen we daşary ýurtly telekeçiler gatnaşdylar.

Şu gezekki sergi Türkmenistanyň şähergurluşyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň dürli tapgyrlaryny hem-de pudaklaryň ilatyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna, zähmet çekmek we dynç almak üçin talabalaýyk şertleriň döredilmegine gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine goşýan goşandyny, daşary ýurt kompaniýalarynyň milli taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandygyny, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljekki mümkinçiliklerini açyp görkezdi.

Sergi merkeziniň bölümlerinde we meýdançalarynda ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň kärhanalary, ýurduň telekeçileri we Aşgabatda işleýän hem-de ak mermerli paýtagtyň has-da gözelleşmegine gönükdirilen ägirt uly şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmäge gatnaşmaga isleg bildirýän daşary ýurt kompaniýalary öz gazananlaryny görkezdiler.

Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, senagat we kommunikasiýalar, gurluşyk we binagärlik ulgamlarynyň, «Türkmenawtoulaglary», «Türkmendemirýollary», «Türkmenhowaýollary», «Türkmenaragatnaşyk» agentlikleriniň we beýlekileriň diwarlyklary sergä gelenlerde uly gyzyklanma döretdi.

Aşgabat şäher häkimligi Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşinde deňsiz-taýsyz üstünlikleri görkezdi.

Sergi Türkmenistanda eýýäm ýakyn wagtda ornaşdyrylyp bilinjek iň täze, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi. Bu ýerde döwrebap senagat we elektron önümleri öndüriji bolan “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýetiniň sergi bölümi hemmeleriň ünsüni çekdi. Hojalyk jemgyýetiniň harytlarynyň görnüşleri yzygiderli artýar hem-de iki SIM-kartly öýjükli telefonlary, smartfonlary, dürli görnüşli monobloklary, smart-telewizorlary, split-sowadyjylary, internet ulgamyny paýlaýjylary (routerleri) hem-de içimlik suwy sowatmak we gyzdyrmak üçin niýetlenen kulerleri özünde jemleýär.

Açyk sergi meýdançalarynda ýurduň “Çigildem”, “Aýbölek” ýaly esasy öndürijileriniň mebel önümleri ýerleşdirildi, olarda gurluşyk enjamlary hem-de halkyň sarp edýän tehnikalarydyr harytlary mahabatlandyrylýar. Şeýle-de serginiň çäklerinde ajaýyp gölli halylar, göz gamaşdyryjy reňkleri bilen ýalpyldaýan owadan zergärçilik önümleri görkezildi.

Habarlar