akcabat-etrabyndaky-taryhy-orta-m-helle

Akçabat etrabyndaky Taryhy Orta Mähelle

Türkiýäniñ Trabzon welaýatyhyñ Akçabat etrabyndaky taryhy orta mähellesi, Osman döwrüne degişli öýleri, myhmanhanalary, köçeleri we çeşmesi bilen ýylyñ dört paslynda syýahatçylaryñ gezmäge gelýän ýerleriniñ arasynda orun alýar.

06 Mayıs 2022 21:33

Uly bölümi 1988-nji ýylda döwlet goraghanasy diýip yglan edilen Orta mähelle, taryhy gurluşygyny zamanamyza çenli gorap saklan seýrek ýaşaýyş ýerleriniñ biridir.

Osman döwrüniñ yzlary bilen Rim we Wizantiýa ýaly tapawutly siwilizasiýalaryň yzlaryny öz içine alýan bu mähelle daşdan ser salynanda ýagly boýaglar bilen çekilen surada meňzeýär.

Taryhy Orta Mähalle, sebitdäki alternatiw syýahatçylyga gezek gelende ilkinji bolup ýadyna düşýän ýerlerden biri bolup, ýerli we daşary ýurtly syýahatçylara ýylyň dört möwsüminde tebigatyñ goýnunda wagt geçirmek we ýerli tagamlary dadyp görmek mümkinçiligini hödürleýär.

Habarlar