aleksandr-puskini-ha-ran-galdyran-krym-tatar-binag-rlik-eseri-hansara-daky-goz

Aleksandr Puşkini haýran galdyran Krym tatar binagärlik eseri: Hansaraýdaky Gözýaş Çüwdürimi

Krym Gereý hanyñ söýgüli aýaly Dilara Bikeçiñ dünýeden öteninden soñ ýasalan çüwdürim, millionlarça jahankeşdäniň ünsüni özüne çekmäge dowam edýär.

19 Haziran 2021 19:40

Gözýaş çüwdürimi adyny suwuň damja damja  akmagyndan alýar. Zamanamyza gelip ýeten çüwdürim sekiz setirli ýazgy we çeşmäniň esasy böleginden ybarat.

Çüwdürimiñ esasy bölegine şahada armyt, gül çemeni, akant ýapraklary, bir tabagyñ içinde miweler we ýapraklar çekilipdir.

Gözýaş çüwdürimi, esasanam Rus Imperiýasy döwründe köp rowaýatlaryň mowzugy boldy we bu rowaýatlar edebiýat we aýdym-saz pudagyndaky eserleri ruhlandyrdy. Beýik rus şahyry Aleksandr S.Puşkiniň iň meşhur eserlerinden biri bolan "Bahçesaraý çüwdürimi" atly goşgusy hem bu çüwdürümden ylham alyp döreýär.

Rus edebiýatynyň iň möhüm eserlerinden biri bolan bu goşgynyň 1944-nji ýyldan soňky döwürde Bahçesaraý şäheriniň adynyň  üýtgedilmegine we Hansaraý şäheriniñ düýbünden ýok edilmegine päsgel bolandygy gürrüñ edilýär.

 

Habarlar