almaty-kalby-kok-tobe

Almatyñ kalby “Kök Töbe”

Gazagystanyñ ozalky paýtagty Almaty şäheriñ nyşanasy bolan “ Kök Töbe” ( Gök Depe), teleradio diňi we dynç alyş merkezi bilen şäher ilaty we syýahatçylaryñ iñ köp gelim-gidimli ýeri.

12 Şubat 2022 13:15

Kök Töbe, 1975-1983 ýýllary aralygynda gurlan teleradio merkezi. Merkez, 371,5 metr beýiklikde gurlyp Gazagystanyñ iñ uzyn dünýäniñ bolsa iñ beýik 14-nji teleradio diñi bolup kabul edilýär.

1984-nji ýylyñ oktýabr aýynda baş beren ýangyn sebäpli merkez köp wagtlap ýapyk galdy. 2013-nji ýylyñ başynda şäher häkimligi tarapyndan bu merkeziñ  medeniýet we dynç alyş merkezi bolup gurulmagyna karar berildi.

Täze gurlan “Kök Töbe”  medeniýet we dynç alyş merjezinde asma ýol, haýwanat bagy, seýilgähler we restoranlar orun alýar. Deñizden 1130 metr beýiklikde Kök töbe dagyñ depesinde orun alýan merkez, şäheriñ iñ köp gelim-gidimli ýerine öwrüldi.

“Kök Töbe” Asma ýoly

2017-nji ýylda Gazagystanda geçirilen halkara EXPO forumyñ açylyş dabarasy üçin gaýtadan abatlanan asma ýoluñ uzynlygy 1620 metr. Jemi 17 sany otagy bilen hyzmat berýän asma ýol myhmanlary şäheriñ hemme ýerinden görünýän Kök töbe dagyna äkidýär.

“Nuhyñ Gämisi”- Ekzotik haýwanlary bejeriş merkezi

“ Kök Töbe” medeniýet we dynç alyş merkezinde kiçi haýwanat bagy we ekzotik haýwanlary bejeriş merkezi orun alýar.

Şeyle-de merkezde lunapark, Gazak we dünýä aşhanasynyñ tagamlaryny hödürleýän restoran we kafeler, konsert we teatr zallar bar.

“ Kök Töbe”, arassa howasy, owadan tebigaty bilen köp aýdymlarda wasp edilýär. Almaty şäherine gelenleriñ hökman gelip görmeli ýerleriñ hatarynda bu dynç alyş merkezi orun alýar.

 

Habarlar