anadoly-siwilizasi-alary-muze-i

Anadoly siwilizasiýalary müzeýi

Anadoly, köp asyrlaryñ dowamynda tapawutly siwilizasiýalara ýer eýeçiligi eden gadymy geografiýadyr.

14 Ocak 2022 15:20

Ankara şäheriñ ilkinji muzeý hekaýasy 1921-nji  ýyla uzanýar. Beýik baştutan Mustafa Kemal Atatürkiñ paýtagtda Eti müzeýini döretmek pikiri bilen ýurduñ çar künjeginden Hitit taryhy eserler ýygnalyp başlanýar we şöhratly Anadoly taryhynyñ esasy pursatlary täze gurlan muzeýde jemlenip başlanýar.

Döwrüň medeniýet müdüri Galip Beg, Ankara galasynyň Akkale burçuny, Augustus ybadathanasyny we Rim hammamyny muzeýe öwrip ilkinji gadamy atýar. Soñ bolsa Ankara galasynyñ golaýyndaky taryhy Mahmutpaşa üsti ýapyk bazaryñ we Kurşunly myhmanhanasynyñ abatlaýyş işine başlanýar.

1943-nji ýylda abatlaýyş işi tamamlanan taryhy Mahmutpaşa bazary açylýar.

“Ýewropada Ýylyň Muzeýi"

Anadolynyň taryhyny açýan Anadoly siwilizasiýalary muzeýi 1997-nji ýylda 68 muzeýiň arasynda "ýewropada ýylyň muzeýi" bolup saýlandy we özboluşly kolleksiýalary bilen dünýädäki az sanly muzeýiň arasynda orun almagy başardy.

Anadolynyň taryhyny açyp görkezýän siwilizasiýalaryň geçelgesi

Muzeýdäki eserler hronologiki taýdan bölünen bölümlerde görkezilýär.

Muzeýiñ ýokarky zalynda paleolit ​​eýýamy, halkolit eýýamy, köne bürünç eýýamy, assiriýa söwda koloniýalary eýýamy, Gadymy Hitit we Hitit imperiýa döwri, Frigiýa şalygy, giçki Hitit şalygy, Urartu şalygy we aşaky zalda bolsa asyrlañ dowamynda Ankara şäheri we Klassiki asyrlar bölümler orun alýar.

Muzeýde deñi-taýy bolmaýan gymmatly taryhy eserler sergilenýär.

Hititleriň dini däp-dessurlary barada maglumat berýän Inandyk waza

Bu taryhy eser 1966-njy ýylda Çankyry welaýatynyñ Inandyk etrabynda gün ýüzüne çykaryldy. Wazanyñ ýüzünde şa we şa zenanyñ durmuş toýy suratlandyrylan.

Ankaranyň nyşany: Güneş diski

Hitit döwrüne degişli bolandygy bilinýän Güneş diski bürünçden ýasalyp, 4250 ýyl ozal dini dabaralarda ulanylypdyr.

Güneş diskiñ Hititleriñ Anadola gelmeden ozal 300 ýyl ozal ýasalandygy we Hatti şasy dünýeden öteninde şuna meñzeş nyşanalar bilen jaýlanandygy bilinýär.

Altyn küýze

Angliýada bir gaznada sergilenýän hatti döwrüne degişli bu taryhy eser, Türkiýe Respublikasynyñ 100-nji ýylynda muzeýiñ uly tagallalary netijesinde mahsus bolan watanyna gaýtarylyp getirildi.

Anadolynyñ ilkinji şäher döwleti: Arslandepe

ÝUNESKO-nyñ Bütindünýä Miras sawanynda orun alyan Arslandepe, aristokratiýanyň we ilkinji döwlet görnüşiniň dörän ýeridir

Taryhy Ankara köçeleri

Muzeýe gelinende Ankara galasynyň depesine çykyp, şäheriñ peýzažyny tomaşa edip bilersiñiz. Şeýle-de sebitdäki başga muzeý we taryhy mekanlary aýlanyp bilersiñiz.

Habarlar