ankara-howa-gu-cleri-muze-i

Ankara howa güýçleri müzeýi

63 müň inedördül metr açyk we 2 müň inedördül metr ýapyk sergi meýdançasyna eýe bolan Ankara Howa güýçleri müzeýi, uly kolleksiýa ýer eýeçiligi edýär.

24 Ocak 2022 20:10

Ankara howa güýçleriniň müzeýi, 1998-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Mustafa Kemal Atatürkiñ ruhy gyzy we ilkinji zenan türk piloty Sabiha Gökçen tarapyndan açyldy.

Ankara howa güýçleriniň müzeýiñ, açyk we ýapyk bolmakda iki sany uly sergi meýdançasy bar.

Açyk sergi meýdançasynyñ girelgesinde Türk awiasiýa taryhynyñ esasy şahsyýetlerinden bolan Mahmut Şewket Paşa, Zeki Dogan, Sebiha Gökçen ýaly köp sanda beýik şahsyýetleriñ býustleri orun alýar.

Şol sergi meýdançasynda ýerüsti ýarag ulgamlary bilen AN-FPS-88 gözleg radary we AN-FPS-89 radary hem sergilenýär. Şeýle-de Türk howa güýçleriniñ düzüminde ulanylan harby, gözleg, tälim we halas ediş uçarlary we bir dikuçar sergilenýär.

Türk alymlary: Lagari Hasan Çelebi we Hezarfen Ahmet Çelebi

Muzeýiñ ýapyk sergi meýdançasynda Lagari Hasan Çelebi we Hezarfen Ahmet Çelebiniň ilkinji uçuş synanyşyklaryny gürrüñ berýän modeller orun alýar.

Dünýäde ilkinji bolup raketa bilen uçan Lagari Hasan Çelebi raketa tehnologiýasynyň atasy diýip hasaplanýar.

Muzeýde, Lagari Hasan Çelebiniň 7 bölekli raketa münüp, asmana göterilen pursady bu ýere gelýänleriň ünsüni özüne çekýär.

Muzeýiň gelýänleriň ünsüni özüne çekýän başga bir bölüm bolsa, "müň zady bilýän" manysyny añladýan "Hezarfen" lakamyna eýe bolan Ahmet Çelebiniň ganatlary bilen Galata diňinden Üsküdar tarap uçan pursatlaryny gürrüñ berýän bölüm.

Muzeýiñ girelgesiniñ çep tarapynda arheologiki ýerleriň howadan çekilen suratlary bolan panel bar.

1937-nji ýylda Mustafa Kemal Atatürk howa güýçleriniň ýerleşdirilen ýerlerinde arheologiki ähmiýete eýe bolan ýerleriñ howadan suratlarynyñ çekilmegini buýruk beripdi.

Troýa, Bergama, Sart, Selçuk, Efes we Millet ýaly möhüm arheologiki ýerleriň surata düşürilen albomynyň asyl nusgasy Türk Taryhy Guramasynda sergilenýär.

“Etimesgut” uçar zawodynyň öndüren ilkinji uçary 80 ýyl ozal uçupdy

Türk Awiasiýa Guramasy, Ankara şäheriniñ Etimesgut etrabynda 1942-nji ýylda 'Uçar zawody taslamasy' durmuşa geçirdi. Taslamalaryñ çäginde köp sanda uçar öndürildi. Şol uçarlaryñ biri 1942-nji ýylyñ 7-nji iýunynda Etimesgut uçar zawodynda öndürülen “Milles Magister” uçary dabaraly ýagdaýda uçuryldy.

Türk awiasiýa guramasynda tälim uçary bolup işläninden soň “Maýls Magister” uçary, Erkin ganatlar awiasiýa klubyna berildi we sport uçuşlary üçin ulanyldy we soňky on ýylyñ dowamynda bu muzeýde sergilenýär.

Muzeýiñ ýapyk sergi meýdançasynyñ 2-nji gatynda bolsa uçarmanlaryñ ulanan uçar enjamlary, Türk howa güýçleriniň akrotim taryhynyň gürrüñ berilýän akrotim burçy we ilkinji türk zenan uçarman Sabiha Gökçeniň bölümi orun alýar.

Howa güýçleriniň görkeziş topary: Akrotim uçarmanlary

Muzeýiñ “Akrotim” sergi meýdançasynda, Türkiýäniň howa güýçleri guramasynyñ döredilen gününden bäri hyzmat eden Akrotim flotlary barasynda giñişleýin maglumat berilýär.

Ilkinji Türk zenan harby uçarmany: Sabiha Gökçen

İlkinji zenan harby uçarman Sabiha Gökçen özüne degişli bolan uçarman lybaslary we enjamlary 1999-njy ýylda müzeýe tabşyrdy.

Ilkınjı Türk zenan uçarman leýtenant Aýfer Gök we kapitan Jengiz Topel

Muzeýiñ şehitler zalynda Türk howa güýçleriniñ döredilen 1911-nji ýyldan bäri awiasiýa pudagynda şehit bolanlaryñ sanawy orun alýar. Bu zalda ilkinji zenan uçarman leýtenant Aýfer Gök we Kipr operasiýasynda şehit bolan kapitan Jengiz  Topele degişli bolan şahysy lybaslar we enjamlar sergilenýär.

Muzeý, türk howa güýçlerini tanatmak we ýaşlarda awiasiýa söýgüsini döretmek maksady bilen işini dowam etdirýär.

Habarlar