ankara-s-herinde-turkmenistan-sergisi

Ankara şäherinde Türkmenistan Sergisi

Türkiýäniñ Medeniýet we Syýahatçylyk Ministirligi, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy bilen TÜRKSOÝ guramasynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyñ Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli, “Türkmenistan Medeniýet, Sungat we Foto-surat” sergisi Ankara şäherinde açyldy.

16 Ağustos 2021 16:17

Milli Kitaphanada geçirilen çäräniñ açylyş dabarasyna Medeniýet we Syýahatçylyk ministriñ orunbasary Serdar Çam, Türkmenistanyñ Türkiýe Respublikasyndaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Işanguly Amanlyýew, Bilim Ministirligiñ Ýewropa Bileleşigi we Daşary Gatnaşyklar bölüminiñ baş müdüri Burju Eýisoý Dalkyran, TÜRKSOÝ-uñ baş sekretarynyñ orunbasary Bilal Çakyjy we Soltan Reýew bilen köp sanda myhman we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Açylyşda çykyş eden Serdar Çam, serginiñ Türkiýe, Merkezi aziýanyñ döwletleri we Türkmenistanyñ uly bir maşgala bolandygyny görkezýän bir çäre bolandygyny nygtap “ ata ýurdumyzdan gelen söýgi we mähir suwunyň baky akmagyny arzuw edýäris. Onuň baky akmagy üçin hemmämiz bilelikde elimizden gelenini gaýgyrmaly däldiris "-diýdi.

Serdar Çam, Türki Geñeşi we TÜRKSOÝ ýaly guramalarda Türkmenistan bilen işleşmekden buýsanç duýýandyklaryny aýtdy.

Türkmenistanyñ Türkiýe Respublikasyndaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Işanguly Amanlyýew öz çykyşynda Türkmenistanyň daşary syýasatynda medeniýet we sungat pudagynyň hem möhüm orny eýeleýändigini nygtap: “Galkynyş döwründe möhüm faktor bolan medeni pudak bir tarapdan täze döwrüň talaplaryny kanagatlandyrýar, beýleki tarapdan bolsa Türkmenistanyň demokratik we durmuş-ykdysady ösüşi üçin möhüm potensialy hödürleýär”-diýdi.

Medeniýet pudagyndaky Türkiýe bilen hyzmatdaşlyga ünsi çeken ilçi Işanguly Amanlyýew  “Medeniýet we sungat jemgyýetiniň agzalary, teatr we aýdym-saz toparlarynyň agzalary, iki ýurduň bilim adamlary Türkmenistan we Türkiýede geçirilýän sergilere, bäsleşiklere, konferensiýalara we çärelere gatnaşýarlar. Özara  medeniýet günleri geçirilýär. Soñky gezek 2019-njy ýylda Siwas we Erzurum şäherlerinde Türkmenistanyñ medeniýet günleri geçirildi. Geljek ýyl Türkmenistanda Türkiýe medeniýet günlerini guramagyň üstünde işler alynyp barylýar.

Sergide Türkmenistanyñ baý medeni mirasy bilen bagly dürli görnüşli fotosuratlar, milli lybaslar, şaý-sepler, saz gurallary we beýlekiler sergilendi.

Habarlar