ankarany-gus-jenneti-bahar-paslyny-gelmegi-bilen-adamlary-ygy-ygydan-gel

Ankaranyň “guş jenneti” bahar paslynyň gelmegi bilen adamlaryñ ýygy-ýygydan gelýän ýerine öwrüldi

Ankaranyň Nallyhan etrabynda ýerleşýän "guş jennetinde" baharyň gelmegi bilen sanlary köpelen gonan-göçer guşlaryñ bilelikde edýän tanslary adamlary özüne bendi edýär.

13 Mayıs 2022 15:41

Nallyhan etrabynyñ Dawutoglan mähellesinde orun alýan “ Nallyhan guş jenneti”, Saryýar bendiniñ demirgazygynda, Aladag akarsuwy bilen birleşýän nokatda depeleriñ arasynda emele gelen batgalyk ýer bolup tapawutlanýar.

Guşlaryñ köp görnüşine ýer eýeçiligi edýän bu sebitde bahar paslynyñ gelmegi bilen guşlaryñ sany köpeldi.

Takmynan 200 guş görnüşine ýer eýeçiligi edýän “Nallyhan guş jenneti” bu ýere gelýänleriň ünsüni özüne çekýär.

Açyk howa muzeýine meñzeýän dürli öwüşginli depeleri bolan Gyz depe tebigat ýagygärligi, sebitiñ syýahatçylyk mümkinçiliklerini baýlaşdyrýar.

Gyz depe tebigy ýadygärligiň öňünde ýerleşýän "guş jenneti", geologiki aýratynlyklary we dört pasylda gonar-göçer guşlara ýer eýeçiligi etmegi bilen esasanam tebigaty surata düşürmek isleýänlere we guş synçylary üçin amatly gurşaw hödürleýär.

Habarlar