arslandepede-5-mu-621-yllyk-250-sany-mohur-tapyldy

Arslandepede 5 müñ 621 ýyllyk 250 sany möhür tapyldy

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynda orun alýan Arslantepe depesinde 5621 ýyllyk 250 sany möhür tapyldy.

17 Eylül 2021 19:44

Şäheriñ merkezine 7 kilometr uzaklykdaky Arslandepe depesinde gazuw-agtaryş işleri dowam edýär.

Geçen ýyllarda edilen gazuw-agtaryş işlerinde giçki Hitit döwrüne degişli bolan arslan we agdarylan bir şanyñ heýkeliniñ tapylan Arslantepe depesinde.dünýäniñ ilkinji ýagyş turba geçirijisi, kerpiçden ýasalan köşk we 2 müñe golaý möhür bilen döwletiñ we býurokratiýanyň düýbi tutulan gurluşlar gün ýüzüne çykaryldy.

2021-nji ýylyñ 26-njy iýulynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Arslandepede 55 adamlyk topar bilen üstümizdäki ýylyñ 10-njy awgustda başlan gazuw-agtaryş işlerinde bolsa 5 mün 621 ýyllyk 250 sany möhür gün ýüzüne çykaryldy.

Prof. Dr Marcella Frangipane beren beýanatynda “ Diñe gazuw-agtaryş işleri däl eýsem soñ olary okamagam gerek, ylmy işler ýöredilmeli. Köp ýyldan bäri bu ýerde ýaşaýaryn we gazuw-agtaryş işlerinde gün ýüzüne çykarylan maglumatlar bilen Arslandepe taryhyny ýazmak isleýärin”- diýdi.

Habarlar