asgabatda-vi-hazar-sammiti-gecirildi

Aşgabatda VI Hazar sammiti geçirildi

29-njy iýunda Türkmenistanyñ prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda VI Hazar sammiti geçirildi.

30 Haziran 2022 09:26

Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň Aşgabat duşuşygy “Arkadag” myhmanhanasynda guraldy.

Sammite gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin türkmen paýtagtyna geldiler.

VI Hazar sammitiniň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleri bilen duşuşdy.

Soňra belent mertebeli myhmanlar  “Arkadag” myhmanhanasyna tarap ugradylar. Bu ýerde, sammitiň öňüsyrasynda hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow daşary ýurtly kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

Sammitde, 2002-nji ýylyň aprelinde Aşgabatda birinji Hazar sammiti geçirildi. Sözüň doly manysynda, hut şonda Hazar gün tertibiniň ähli ugurlary boýunça uzak möhletli geljek üçin yzygiderli hyzmatdaşlygyň binýady goýuldy diýip, Türkmenistanyñ prezidenti Serdar Berdimuhamedow aýtdy. Şondan bäri 20 ýyl geçdi we biz bu gün Hazar sebitinde ýokary döwlet derejesinde syýasy gatnaşyklaryň täze görnüşiniň zerurdygyny hem-de biziň halklarymyzyň parahatçylygynyň, ösüşiniň we rowaçlygyň bähbidine kenarýaka ýurtlaryň maksatlarynyň we bähbitleriniň bitewüliginiň aýgytlaýjy şerti hökmünde ykrar edilendigini aýdyp bileris. Soňra Tähranda, Bakuwda, Astrahanda, Aktauda geçirilen sammitler hem Hazar üçin möhüm ähmiýete eýe boldy, Hazar gatnaşyklarynyň dürli ulgamlarynda döwletleriň bilelikdäki işine kuwwatly itergi berdi. Biz bu babatda bäş döwletiň ählisiniň uly hyzmatynyň bardygyny ynamly aýdyp bileris. Şol döwletleriň her biri sebitde özara gatnaşyklaryň binýadyny kemala getirmäge uly goşant goşdy diýip, hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Hazar sebitinde ygtybarly, uzak möhletli howpsuzlygy üpjün etmek möhüm we şol bir wagtyň özünde bäştaraplaýyn gatnaşyklaryň üstünliginiň esasy şerti bolup durýar diýip, döwlet Baştutany Berdimuhamedow nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow terrorçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, guramaçylykly jenaýatçylyga, beýleki islendik kanuna laýyk gelmeýän işe garşy bilelikde göreşmegi möhüm wezipeleriň hatarynda görkezdi.

Ençeme ýyllaryň dowamynda Hazarýaka döwletleriň bilermenleri tarapyndan brakonýerlige, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek, deňizde ýüzmegiň howpsuzlygyny üpjün etmek, deňizde gözlemek we halas etmek ulgamynda resminamalaryň üstünde iş alnyp barylýar. Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow bu işe gatnaşyjylaryň ählisine öňde goýlan maksatlara ýetmäge goşýan goşantlary üçin minnetdarlyk bildirip, ýakyn wagtda bu resminamalaryň üstünde alnyp barylýan işleriň tamamlanjakdygyna ynam bildirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow, Gündogar — Günbatar hem-de Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça Ýewraziýada üstaşyr ulag akymlarynyň baglanyşdyryjy merkezi hökmünde Hazar deňziniň «Mümkinçilikleriň deňzi» diýlip atlandyrylmagynyň hakykatdan daş däldigini belledi hem-de geljekde Hazaryň şeýle ähmiýetiniň has-da artjakdygyna ynam bildirdi. Şoňa görä-de, kenarýaka ýurtlara port düzümini gurmak we döwrebaplaşdyrmak, Hazar sebitini harytlaryň hem-de hyzmatlaryň halkara akymlary üçin oňaýly, döwrebap, amatly giňişlige öwürmek üçin durnukly, ygtybarly we netijeli logistika ulgamyny kemala getirmek babatda uly işler garaşýar diýip, nygtady hem-de syýasatdan azat bolan konýunkturanyň zerurdygyny aýratyn belledi.

Türkmen tarapy Hazar deňzinde ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk hakyndaky hökümetara Ylalaşygyň güýje girmegine kanagatlanma bildirýär.

Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak biziň umumy möhüm maksadymyz bolup durýar. Bu babatda Türkmenistanyň garaýşy anyk kesgitlenendir we üýtgewsizdir: ähli ykdysady we önümçilik işi deňziň ekologik howpsuzlygy bilen berk bagly bolmalydyr, tebigaty goramak babatda ykrar edilen dünýä standartlaryna laýyk gelmelidir. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň döredilen gurallarynyň sazlaşykly işine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Hazarda ylmy barlaglary geçirmek hakyndaky Ylalaşygy işläp taýýarlamak boýunça başlangyjy bu ugurda bilelikdäki işiň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Türkmenistan eýýäm Hazaryň baý tebigy serişdeleriniň rejeli ulanylmagyny üpjün etmek boýunça tebigaty goraýyş çäreleriniň toplumy hökmünde täze Hazar ekologiýa maksatnamasyny döretmek pikiri bilen çykyş etdi.

Türkmenistan medeni gatnaşyklary ösdürmek we giňeltmek ugrunda çykyş edip, medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlyk hakyndaky bäştaraplaýyn ylalaşygy işläp taýýarlamaga girişmegi teklip edýär.

Türkmen tarapy, dynç alynýan ýer hökmünde Hazaryň, onuň kenarýakasynyň uly kuwwatynyň bardygyny nazara almak bilen, syýahatçylyk pudagynda we gämide syýahat etmek ulgamynda sebit hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmek boýunça başlangyçlary goldaýar.

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew sammitde eden çykyşynda dostlukly döwletiň Baştutany bildirilen myhmansöýerlik hem-de altynjy Hazar sammitiniň ýokary derejede guralandygy üçin hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, şu gezekki duşuşygyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň doglan güni bilen gabat gelýändigini belläp hut öz adyndan we Azerbaýjanyň halkynyň adyndan Gahryman Arkadagy tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Azerbaýjan Hazarda döwletara gatnaşyklara uly ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, belent mertebeli myhman 2018-nji ýylda Aktau şäherinde gol çekilen Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň taryhy zerurlygyny hem-de onuň çalt güýje girmeginiň ähmiýetini belledi. Munuň özi geljekde hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça Hazarýaka döwletleriň hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen has netijeli çäreleri görmek üçin ygtybarly hukuk esasyny döreder.

Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Prezident Ilham Aliýew Hazarda bäştaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň berkidilýändigini, dürli ulgamlarda birnäçe ylalaşyklara gol çekilendigini we olaryň güýje girendigini belledi. Hyzmatdaşlyk boýunça täze resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamak başlangyjy öňe sürüldi. Şol resminamalara ýakyn wagtda garalar we olar taýýar bolan ýagdaýynda gol çekiler. Şeýle hem ikitaraplaýyn we üçtaraplaýyn görnüşde Hazar deňziniň düýbüni bellemek hakyndaky degişli şertnama baglaşyldy.

Hazarýaka ýurtlaryň arasyndaky dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, ikitaraplaýyn, şeýle-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk, şol sanda BMG-niň, ÝHHG-niň hem-de beýleki abraýly sebitleýin we halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlyk Hazar deňzinde durnuklylygyň, howpsuzlygyň möhüm şertleri bolup durýar.

Azerbaýjanyň Prezidentiniň nygtaýşy ýaly, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmak, ygtybarly we howpsuz kommunikasiýalary kemala getirmek, ýokary düşewüntli hem-de ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary çekmek üçin amatly şertleri döretmäge çalyşmak Hazarýaka ýurtlaryň ileri tutulýan ugurlary bolmagynda galýar.

Prezident Aliýew, ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgelerini ösdürmek meselelerinde Azerbaýjanyň işjeň orun eýeleýändigini tassyklady. Azerbaýjan tarapynyň Hazarüsti halkara ulag ugruny netijeli ulanmak boýunça ähli tagallalary edýändigi bellenildi.

Şeýle hem Azerbaýjan Hazar deňziniň ekologik meselelerini çözmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýär. Hazaryň suw biologik serişdelerini aýawly saklamak, rejeli ulanmak baradaky toparyň çäklerinde Hazarýaka döwletleriň üstünlikli gatnaşyklary dowam etdirilýär. Şu ýylyň ahyrynda Bakuwda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň taraplarynyň altynjy maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Rais sammitde eden çykyşynda, Hazar deňzi biziň umumy deňzimizdir, dostluk gatnaşyklarynyň merkezidir, goňşy halklar üçin bereket çeşmesidir diýdi.

Daşky gurşawy goramak, milli ykdysadyýetleri ösdürmek maksady bilen, Hazar deňziniň bioserişdelerini hem-de gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryny rejeli peýdalanmak meselelerinde goňşy ýurtlaryň ägirt uly jogapkärçiligine, şeýle hem doganlyk halklaryň rowaçlygyny ýokarlandyrmak, sebitde howpsuzlygy üpjün etmek meselelerine aýratyn üns çekildi.

Prezident Seýed Ebrahim Raisi kenarýaka ýurtlaryň Hazar deňziniň meseleleriniň ähli ugurlary boýunça uzak möhletleýin bähbitleri barada aýtmak bilen, ulag, söwda, bioserişdeleri dolandyrmak, ekologik howpsuzlygy üpjün etmek we beýleki ulgamlarda döwletara hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belledi.

Elektrik energiýasynyň, gazylyp alynýan baýlyklaryň we beýleki dürli isleg bildirilýän önümleriň eksporty Hazar deňzindäki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda agzaldy. Prezident Seýed Ebrahim Raisi Eýran bilen sebitiň döwletleriniň arasynda gowy ylalaşyklaryň gazanylandygyny aýdyp, bar bolan mümkinçiliklerden peýdalanylmagynyň bäş dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze döwrüni açýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, şu duşuşygyň Türkmenistanyň ajaýyp döwlet işgäri Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň doglan güni bilen gabat gelendigini belledi. Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň nygtaýşy ýaly, ol Gahryman Arkadagy tüýs ýürekden gutlap ony Gazagystan Respublikasynyň ýokary sylagy — “Altyn Bürgüt” ordeni bilen sylaglady.

Hazar diňe bir ägirt uly peýdaly serişdeleriň jemlenen ýeri bolmak bilen çäklenmän, eýsem, giň mümkinçilikleriň deňzidir. Şunuň bilen baglylykda, belent mertebeli myhman Gazagystanyň Hazarýaka ýurtlaryň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak maksady bilen, mundan beýläkki hyzmatdaşlyga çemeleşmeleri babatda garaýyşlaryny beýan etdi.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew “Demirgazyk — Günorta” geçelgesine mundan beýläk-de aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady. Munuň üçin Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň mümkinçiliklerinden has giňişleýin peýdalanyp bolardy. Bu ýol Günorta Aziýanyň we Pars aýlagynyň ýurtlarynyň arasynda iň gysga ugur bolup durýar.

Gazagystanyň Lideri çykyşynda sebitde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek meselesi barada-da durup geçip, kenarýaka döwletleriň söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin döwrebap logistika düzümini yzygiderli ösdürmegiň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Gazagystanyň Hazarýaka azyk ulgamyny döretmek baradaky teklibi beýan edildi. Munuň özi özara haryt dolanyşygyny artdyrmaga mümkinçilik berer.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Hazaryň ekologiýa ulgamynyň we tebigy gurşawynyň aýawly saklanylmagyny hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Hazar deňziniň kenarýakasynyň millionlarça ýaşaýjylarynyň ykdysady ösüşi we abadançylygy bu möhüm wezipe bilen berk baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, Hazar deňzinde biologik serişdelere bikanun eýe bolmaga garşy göreşmegiň wajypdygyna üns çekildi.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Hazar deňziniň gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň Sekretariatyny (Tähran Konwensiýasy) döretmäge we degişli resminamanyň taslamasyny ylalaşmaga degişli meseleleriň çözülmegini çaltlandyrmagyň zerurdygyny aýtdy.

Gazagystanyň Baştutany Hazarýaka ýurtlaryň medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy meselesine degip geçip, bu ugurda has ysnyşykly aragatnaşyklary höweslendirmek boýunça anyk çäreleriň görülmeginiň wajypdygyny belledi.

Russiýa Federasiýasynyñ döwlet baştutany Wladimir Putin eden çykyşynda Russiýanyň syýasatda, howpsuzlyk babatda, ykdysadyýet, tebigaty goramak ulgamlarynda Hazarýaka ýurtlaryň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak ugrunda çykyş edýändigini nygtady.

Russiýa deňizde ýüze çykýan ýaramaz ýagdaýlaryň öňüni almak, terrorçylyga we guramaçylykly jenaýatlara garşy göreşmek ýaly möhüm ugurlar boýunça gol çekilen resminamalaryň herekete girizilmegini çaltlandyrmagy teklip edýär.

Dostlukly ýurduň ýolbaşçysy medeni, bilim, sport, syýahatçylyk we ýaşlary özara alyşmak meselelerini berkitmäge möhüm üns bermelidigini belläp, Medeniýet ministrliklerine ähli kenarýaka ýurtlaryň milli buýsanjy bolan halyşynaslygy bir ýere jemlemek we olaryň göçme sergilerini ýa-da tutuş sebit boýunça festiwallary guramak meselelerini işläp taýýarlamagy tabşyrmagy teklip etdi. Öz gezeginde, Russiýanyň kinematografiýaçylar birleşigi Hazar kinoforumyny geçirmegi teklip edýär.

Sebitde syýahatçylygy işjeňleşdirmegiň we ösdürmegiň zerurdygyna üns berildi. Russiýanyň Lideri geljek ýylda Astrahan oblastynda Hazar deňzinde ilkinji “Pýotr Perwyý” uly göwrümli syýahatçylyk gämisiniň ulanyşa giriziljekdigini aýdyp, Hazar deňzi boýunça syýahatçylygyň ýola goýulmagynyň Hazarýaka döwletleriň baý taryhy däpleri, medeni mirasy bilen tanyşmaga, ajaýyp ýerlere baryp görmäge, medeni-aň bilim çärelerine gatnaşmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.

VI Hazar sammitiniň jemleri boýunça degişli Beýanat kabul edildi.

Habarlar