asgabatda-yhg-n-dowlet-bastutanlaryny-xv-sammiti-gecirildi

Aşgabatda YHG-nň döwlet Baştutanlarynyň XV sammiti geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ulag we energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmegi teklip etdi.

28 Kasım 2021 15:47

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherindäki “Garagum” myhmanhanasynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 15-nji sammiti geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde bu sammite Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýranyň Prezidenti Sayed Ebrahim Raisi, Pakistanyň Prezidenti Arif Alwi, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogan, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gazagystanyň Premýer-ministri Askar Mamin hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Noziri gatnaşdy

Şol sammite başlyk eden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş etdi. Hormatly Prezident Berdimuhamedow öz çykyşynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna gatnaşyjy ýurtlary ulag we energetika pudaklarynda hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy.

Sammitde çykyş eden türkmen Lideri Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ileri tutýan ugurlarynyň hatarynda ulag we energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi görkezdi. Bu pudaklaryň global ykdysady ösüşi kesgitleýän esasy ugurlar bolup durýandygyny belledi.

Milli Lider, YHG-niň ýakyn geljek üçin derwaýys wezipeleri, bu ugurlara öz wagtynda gatnaşmak, bäsdeşlik artykmaçlyklaryndan peýdalanmak, täze ulag we üstaşyr geçelgeleri hem-de energiýa ýollaryny emele getirmekde doly hukukly gatnaşyjynyň roluny üpjün etmäge işjeň gatnaşmalydygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti häzirki wagtda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisiniň, Türkmenistandan Owganystana demirýol ulgamynyň, şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan tebigy gaz geçirijisi taslamasynyň gurluşygynyň dowam edýändigini belledi.

Şeýle hem Türkmenistanyñ prezidenti Berdimuhamedow multimodal ulag geçelgeleriniň döredilmeginiň möhümdigini belläp, bu babatda Owganystandan başlap, Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe, şeýle hem Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman ulag geçelgelerini döretmegiň zerurlygyna ünsi çekdi. Bu geçelgeleriň Gündogar-Günbatar hem-de Günorta-Demirgazyk ugurlarynda ulag-üstaşyr gatnawlarynyň işjeňleşdirilmegine goşant goşjakdygyny belledi.

“YHG-ä agza döwletleriniň gatnaşmagynda iri infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi yklymda täze geo-ykdysady giňişligiň emele gelmeginde hil taýdan öňe gidişligi aňladýar, iri maýa goýumlaryny çekmekde we birnäçe möhüm durmuş meseleleri çözmekde hyzmatdaşlygyň giň geljegini açar” diýip, döwlet Baştutany belledi.

“Garagum” myhmanhanasynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 15-nji sammitinde çykyş eden hormatly Prezident Berdimuhamedow gurama gatnaşyjy ýurtlary Owganystana gyssagly ynsanperwer kömegini bermäge çagyrdy. Şeýlelik bilen, Owganystanyň ykdysady hojalyk gatnaşyklaryna gatnaşdyrylmagynyň möhüm bolup durýandygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Owganystanyň sebit we halkara işlere işjeň gatnaşmagynyň möhümdigini belläp, owgan topragynda parahatçylygyň, ösüşiň hem-de ylalaşymagyň höküm sürmeginiň ähmiýetli bolup durýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutany bu kyn döwürde Owganystana ynsanperwer kömeginiň berilmeginiň möhümdigini belledi.

Forumyň barşynda çykyş eden YHG-na gatnaşyjy-ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlary, şeýle-de YHG-nyň Baş sekretary bu Sammitiň Guramanyň giňişliginde alnyp barylýan sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan derwaýys ugurlary boýunça oňyn çözgütleriň kabul edilmegine itergi beren netijeli meýdança bolandygyny belläp geçdiler. 

Häzirki wagtda Guramanyň çäklerinde agza-ýurtlaryň durmuş-ykdysady taýdan has hem ösdürilmegi maksady bilen, köpugurly sebitleýin hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, şonuň ýaly-da söwda, senagat, ulag we aragatnaşyk, oba hojalygy, energetika, saglygy goraýyş, bilim, ylym we medeniýet ulgamlaryndaky önjeýli özara hereketleriň ýaýbaňlandyrylmagy üçin ähmiýetli mümkinçilikler döredilendir.

Mälim bolşy ýaly, bu günki günde YHG özbaşyna hormatlanýan, abraýly halkara ykdysady düzüm bolmak bilen, dünýäde giň ykrarnama eýe bolandyr we nobatdaky duşuşyk onuň agza-döwletleriniň arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has hem ösdürmäge, geljekki döwür üçin bilelikdäki işleriň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge gönükdirilendir.

YHG-nyň 15-nji Sammitiniň netijeleri boýunça Jemleýji resminama kabul edildi.

Soňra YHG-nyň baýraklaryny gowurmak dabarasy geçirildi, onuň dowamynda Guramanyň agza-döwletleriniň wekilleri «ylym we tehnika», «ykdysadyýet», «taryh, medeniýet we şekillendiriş sungaty» hem-de «oba hojalygy we daşky gurşaw» ugurlary boýunça Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň ýörite baýraklaryna mynasyp boldular.

 

Habarlar