aslan-hurkus-kayip-elmaz-atly-animasi-a-filmi-tomasacylary-unsuni-ozune-cekdi

“Aslan HÜRKUŞ Kayıp Elmaz” atly animasiýa filmi tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekdi

TRT-iň “Aslan HÜRKUŞ Kayıp elmas' animasiýa filmi çykdy. Animasiýa filmi, tomaşaçylardan uly baha aldy. Kinozallarda görkezilmäge başlanan ilkinji iki günde 60 müňden gowrak adam tomaşa etdi.

13 Ocak 2022 11:38

TRT Çocuk kanalyñ söýülýän gahrymany Aslan, milli tälim uçary “Hürkuş” bilen Stambul şäherinde gyzykly gezelenje çykýar.

“Aslan HÜRKUŞ Kayıp Elmaz” atly animasiýa filmi, kinozallarda görkezilmäge başlan ilkinj gününden bäri tomaşaçylaryñ ünsüni çekdi. Film her ýaşdan tomaşaçynyñ göwnünden turdy. Aslanyñ gezelenji çagalar ýaly ene-atalaryñ hem göwnünden turdy.

Animasiýa filmi çagalara tehnologiýany söýdürýär hem-de olary gyzykly, täsin animasiýa dünýäsine gezelenje çykarýar.

Animasiýa filmi çagalary awiasiýa pudagyny söýmäge we olara bu pudakda ösen ýerli we milli tehnologiýa barasynda maglumat bermegi maksatlaýar.

Filmde uçar inženeri bolmagy arzuw edýän Aslan, uçarman bolan atasyndan miras galan uçar Hürkuşy gaýtadan janlandyrmak isleýär. Ýöne munuñ üçin ilki rowaýata öwrülen gaýyp göwheri tapmaly. Gyzykly syýahatçylygam şeýdip başlaýar.

Filmiñ “ şemaly söýersiñ” aýdymyny bolsa Manga aýdym-saz toparynyñ aýdymçysy Ferman Akgül ýerine ýetirdi.

Habarlar