asmany-hokumdary-awcy-burgutler

Asmanyň hökümdary: Awçy bürgütler

Bürgütler bilen aw awlamak Gazagystanda "Berkutçiler" tarapyndan irki döwürlerden bäri dowam etdirilýär.

26 Kasım 2021 19:13

Bütgüt bilen awlamak iñ gadymy aw awlamagyñ usullaryndan biridir. Gazagystanda henizem bu gadymy däp dowam etdirilýär.

Bürgüdiň eýesi bilen aýratyn gatnaşyk gurmagyñ möhüm bolan bu aw, “Berkutçi” atly hünärmen awçylar tarapyndan amala aşyrylýar.

Aw bürgütlerini ösdürip ýetişdirmek ýokary sungatdyr. Bürgüt, ýuwaş-ýuwaşdan eýesine öwrenişýär. Munuñ üçin bolsa Berkutçi birnäçe gije gözüni ýummaýar we bürgüdiň uklamagynyň öňüni alýar. Bürgüt diňe eýesiniň elinden iýmitini (bişirilmedik et bölekleri) iýýär. Birnäçe wagt geçeninden soň bürgüt awça, onuñ atyna we itine öwrenişýär we awa çykmaga taýarlanýar.

Bürgüt bilen aw awlamaga köplenç gyş paslynda çykylýar. Munuñ sebäbi bolsa awlanan haýwanlaryñ  dersiniñ gyş paslynda iň gowy ýagdaýda bolmagy we bu derileriñ gadymy döwürlerde aýratyn ähmiýete eýe bolmagydyr.

Uzyn we irginsiz türgenleşikden soň, bürgütler özboluşly aw awlamak usulyny ösdürýär we adatdan daşary awyny kowalama ukyby, ýiti görüşi we tizligi bilen awyny bir hereketde ele salýarlar.

Awyna gözi düşenden atylan daş ýaly aşak inýän bürgüdiñ tizligi sagatda 200-270 kilometre ýetýär. Ol hatda eýesiniň elinde otyrka-da awyny görüp bilýär.

Habarlar