astanababa-binag-rlik-toplumy

Astanababa binagärlik toplumy

Bu binagärlik toplumy, Lebap welaýatynyň Kerki etrabynda ýerleşip Astanababa obasynyñ çäginde ýerleşýär.

13 Mayıs 2022 15:39

Astanababa obasyndaky ýadygärlikler ençeme syýahatçylaryñ, alymlaryñ ünsüni özüne çekipdir. Astanababa binagärlik toplumy arhitektura ýadygärligi bolup, onuñ ilkinji binýady XII asyrda desgalandyrylypdyr. Binagärlik toplumynyñ dürli döwürlerinde gurlup, häzirki görnüşe gelendigi 1948-nji ýylda professor G.A.Pugaçenkowa tarapyndan anyklanypdyr. Onuñ iñ gadymy ymaraty metjidiñ jaýydyr. Metjit bolsa XII asyrda ýagny, Seljuklylar soltanlygynyñ döwründe bina edilipdir. Diwanahana hem metjit bir wagtda gurlupdyr. Bu binagärlik toplum gadymy Zemiñ Maýmarg şäherinde bina edilip, ol açyk dälizden, dört sütünli dokuz gümmezli jaýdan, metjitden, Zeýd Alynyñ we Zubeýd Alynyñ guburhanasyndan, diwanahanadan, üsti ýapyk geçelgeden we Gyzlarbibi aramgähinden ybaratdyr. Binalaryň gurluşy örän üýtgeşikligi bilen tapawutlanyp, ony her bir gören adamda özüni XII asyrda gezip ýören ýaly duýgylary döredýär.

Ençeme ýyllardan bäri alymlar bu ýerde bolup, ylmy-barlag işlerini geçirýärler. Türkmenistanyñ Prezidentiniñ Permany esasynda “Atamyrat” taryhy-medeni döwlet goraghanasynyñ döredilmegi bilen bu taryhy miras kanun esasynda gorag astyna alyndy. Bu ýadygärlik ylmy taýdan öwrenilýär we ýygy-ýygydan abatlaýyş işleri geçirilip durulýar.

Astanababa obasynyň adynyň döreýşi barada-da şeýle kesgitlemeler bar, “Astana” arap-pars sözi bolup, ol bosaga manysyny añladýar. “Baba” sözi bolsa “Ata”, “Hoja” manysyny berýär, ol “mukaddes bosaga”, “mukaddes öwlüýä” diýmekdir.

Habarlar