asulylar-ge-esi-baslygy-binali-yldyrym-turki-dowletleri-guramasyny-maksatna

Ýaşulylar Geňeşiň başlygy Binali Ýyldyrym, Türki döwletleri guramasynyň maksatnamasy barasynda maglumat berdi

Adalat we Ösüş partiýasynyñ başlygynyñ orunbasary we Türki döwletleri guramasynyñ Ýaşulylar Geñeşiniñ başlygy Binali Ýyldyrym, maksatlarynyñ sebitde we töwereginde parahatçylyk we durnuklylyga goşant goşýan asuda we gülläp ösýän Türk Dünýäsine ýetmek bolandygyny aýtdy.

10 Aralık 2021 15:51

Adalat we Ösüş partiýasynyñ başlygynyñ orunbasary we Türki döwletleri guramasynyñ Ýaşulylar Geñeşiñ başlygy Binali Ýyldyrym, Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli Gazagystanyň paýtagty Nur Soltanda geçirilen “Liderlik-durnuklylyk-ösüş” atly halkara konferensiýada çykyş etdi.

Binali Ýyldyrym Gazagystanyň döwletini we halkyny garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlap, doganlyk ýurt Gazagystanyň esaslandyryjy prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň paýhasly ýolbaşçylygy saýasynda sebitde we halkara derejesinde abraýly syýasy we ykdysady aktýor hökmünde ýüze çykandygyny aýtdy.

Ýyldyrym: “ Gazagystanyň geljeginiň has-da ýagty boljakdygyna ynanýaryn. Türkiýe bu ýolda hemişe goldawyny dowam etdirer ". -diýdi.

Ýyldyrym: “ Aziýanyň ösmegi biziň asyrymyzyň kesgitleýji aýratynlyklaryndan biridir. Ýakyn geljekde Aziýa global ösüşiň üçden iki bölegini tutar. 2030-njy ýyla çenli dünýä önümçiliginiň ýarysyndan gowragy Aziýa degişli bolar.”-diýdi.

Ýyldyrym, Türkiýäniň 2019-njy ýylda badalga beren "Ýañadan Aziýa" başlangyjy bilen Aziýa syýasatynda täze strategiki garaýyş döredilendigini nygtap  "Türkiýe umumy bähbitler esasynda Aziýada gatnaşyklaryny giňeltmek isleýär" -diýdi.

Türki dünýäsiniñ halkara syýasatda günsaýyn tutýan ornunyñ hasam pugtalanýandygyna ünsi çeken Ýyldyrym: “ bu tagallalaryñ başynda Türki döwletleriñ guramasy orun alyar. Gurama 160 milliondan aşa ilaty we içerki önümi 1,5 trillion dolar bolmak bilen bir hatarda 4,5 million inedördül kilometrlik bir sebite wekilçilik edýär. Türki dünýäsini XXI asryñ iñ esasy ykdysady, medeni we gumanitar sebitlerden birine öwürmek üçin Türki döwletleriñ guramasynyñ içindäki hyzmatdaşlygyñ günsaýyn ösýändigini görmek we muña ynanmak üçin köp sanda sebäbimiz bar.”-diýdi.

Halkara konferensiýada Gazagystanyñ mejlsiniñ başlygy Nurlan Nigmatulin, Konstitusiýa Geñeşiñ başlygy Kaýrat Mami, wide premýer ýerali Tugžanow, Prezident administrasiýasynyň başlygynyň orunbasary Dauren Abaýew, Russiýanyñ dumanyñ başlygynyñ birinji orunbasary Duma Aleksandr Žukow, ÝHHG-nyñ ozalky baş sekretary Žan Kubis hem çykyş etdi.

 

Habarlar