asyk-o-uny-gyrgyz-turkleri-tarapyndan-ozgat-s-herinde-asadyl-ar

“Aşyk oýuny” Gyrgyz türkleri tarapyndan Ýozgat şäherinde ýaşadylýar

Türkiýäniñ Ýozgat welaýatynyñ Ýenifakyly etrabynda ýaşaýan Gyrgyz türkleri, aşyk oýnuny ýaşatmaga dowam edýär.

22 Eylül 2021 17:53

Owganystanyñ Pamir ýaylasyndan söweş sebäpli göç edip 1982-nji ýylda Türkiýä ornaşan we 7 ýyldan bäri Ýozgat welaýatynyñ Ýenifakyly etrabynda ýaşaýan Gyrgyz türkleri ata-babalaryndan miras galan däp-dessurlary we oýunlary ýaşatmaga tagalla edýärler.

Bu çäkde müñ ýyllyk taryhy bolandygy çaklanýan we Türk taryhynyñ iñ gadymy oýunlaryndan biri hökmünde kabul edilýän aşyk oýnuny Gyrgyz türkleri Ýenifakyly etrabynda ýaşatmaga dowam edýär.

Aşyk oýny üçin goýundyr geçiniň esasan yzky aýaklaryndaky aşyk süňkleri saýlanyp alynýar. Aşyk oýnunda ýaşy ulurak oglanlar tarapyndan iri şahly mallaryň aşyk süňki, oglanjyklar tarapyndan bolsa guzynyň aşyk süňki ulanylýar. 

Aşyk oýnamak üçin her oýunçy bir aşygyny bellenilen düz ýere setir edip goýýarlar. Soňra kimiň oýna başlamalydygy we dowam etmelidigi bije atmak arkaly çözülýär. Aşyklar belli bir aralykda, adatça, iki-üç metr daşlykda goýulýar. Ýaşy ulurak oglanlar aşyklary ondan hem daşrakda goýup oýnaýarlar. Oýunçylaryň aşygy zyňýan ýeri çyzyk bilen bellenilýär. Oýnuň şertine görä, belligi bassaň ýa-da oýun wagty aýagyň bellikden geçse, ol oýunçynyň utugy hasap edilmeýär. Urlup setirden çykarlan aşyk bolsa, onuň utygy hasaplanylýar.

Ata-babalaryndan miras galan aşyk oýnuny Ýozgatda ýaşatmaga tagalla edýän Genjekul Timur beren beýanatynda “bu oýun ozallar ata-babalarymyzyñ oýnan oýny we milli bir oýundyr. Bu oýun söweşlerde taktikany kesgitlemek üçin hem ulanylýardy. Aşyk oýunyñ 9 görnüşde oýnama usuly bar. Atalarymyz we ýaşlarymyz bilen medeniýetimizi dowam etdirmek üçin aşyk oýnuny oýnaýarys”-diýdi.

Habarlar