azerba-jan-ashanasyny-milli-tagamlary

Azerbaýjan aşhanasynyñ milli tagamlary

Azerbaýjan aşhanasynyň Anadoly türk aşhanasy bilen köp meňzeşligi bar.

28 Mayıs 2021 21:57

Azerbaýjan aşhanasynyň Anadoly türk aşhanasy bilen köp meňzeşligi bar. Baý aşpezlik medeniýete eýe bolan Azerbaýjanda “dolama” tagamynyñ hem 30-dan gowrak görnüşi bar.

Düşbere

Azerbaýjanyň iň meşhur tagamlaryndan biri bolan Düsbere manty ýaly taýarlanýar. Gaty kiçi kesilen hamyryñ içine sygyr ýada guzyñ farşy goýlup manty ýaly bükülip suwda gaýnadylandan soñ üstüne uksuz we sarymsak sousy dökülýär. Düşberi naharyna “Azerbaýjan mantysy”-diýip bolar.

Piti

Azerbaýjanyň meşhur tagamlarynyň hataryna girýän Piti, Anadolynyň köp ýerinde taýarlanýan etli nahar görnüşidir. Esasanam Şeki şäherinde taýarlanýan bu lezzetli tagam  ýörite palçykdan ýasalan  gazanyñ içine guzy eti, guradylan ülje, nohut, kartoşka, pomidor we dürli priprawalar goşulyp 8 sagat bişeninden soñ hökdür edilýär.

Şah Palawy

Azerbaýjanyñ palaw görnüşleriniñ arasynda iñ tanymal bolany şah palawydyr. Bu palaw görnüşi palawlaryñ şasy diýip kabul edilýär. Şa palawynda tüwiniñ içine kişde, guzy eti, kakadylan ülje, kişmiş we kaştan goşulýar we tüwiniñ üsti perde ( ýörite taýarlanan hamyr) bilen ýapylýar. Şah palawy bişirmesi gaty kyn ýöne örän lezzetli bolan Azerbaýjan naharydyr.

Lewengi

Esasanam Eýran serhedine ýakyn Astara sebitinde her gün diýen ýaly iýilýän nahardyr. Köp halatda balyk bilen taýarlanýan bu nahar ördek we towuk bilen hem taýarlap bolýar. Bu nahara özboluşly lezzet berýän zat bolsa duzlanan ülje. Pomidor pastasy, ülje siropy, hoz dänesi we gara burç bilen doldurylan et duhowkada bişirilýär.

Şekerbura ve baklawa

Azerbaýjanyñ iñ esasy datlysydyr. Esasanam Nowruz baýramynda her öýde hökman taýarlanýar. Ogradylan hozdan taýarlanýan bu datlyny halamaýan Azerbaýjanly ýok diýen ýaly.

Bulardan başga-da Azerbaýjanyñ aşhanasynda dolamalaryñ tapawutly görnüşleri, Qogal, Doýga, gutap ýaly tapawutly lezzetli tagamlar bar. Bu naharlaryñ hemmesi Azerbaýjanyñ baý aşhana eýe bolandygyny görkezýär.

Habarlar