azerba-jan-dowlet-akademiki-filarmoni-asy

Azerbaýjan döwlet akademiki filarmoniýasy

Azerbaýjan döwlet akademiki filarmoniýasy Azerbaýjanyň milli filarmoniýa orkestridir.

07 Ocak 2022 22:15

Azerbaýjan döwlet akademiki filarmoniýasynyň repertuarynda klassiki günbatar sazy we Azerbaýjan aýdym-saz eserleri orun alýar.

Azerbaýjan döwlet akademiki filarmoniýasynyň binasy Rus Imperiýasy döwründe şäher elitasynyň haýyşy boýunça 1910-1912-nji ýyllar aralygynda guruldy we 1917-nji ýyla şäheriň ýokary gatlaklary üçin banketler we konsertler üçin klub hökmünde ulanyldy.

Bina, Sowýet soýuzy döwründe 1920-1936-njy ýyllar aralygynda konsertler üçin ulanyldy.

Azerbaýjan döwlet akademiki filarmoniýasy, 1936-njy ýylyñ 25-nji maýynda guruldy. 1937-nji ýylyñ 11-nji awgustynda  filarmoniýa Azerbaýjanly kompozitör Müslüm Magomaýewiñ ady dakyldy.

Azerbaýjan döwlet akademiki filarmoniýasy sekiz simfoniki orkestra ýer eýeçiligi edýär.

Azerbaýjan döwlet simfoniki orkestri, Azerbaýjan döwlet hory Kapela, Gara Karaýew Azerbaýjan döwlet kamera orkestri, Azerbaýjan döwlet fortepiano üçlügi, Azerbaýjan döwlet aýdym-saz topary, Fikret Amirow weteran kollektiwasy, Azerbaýjan döwlet sesi we tans topary we Azerbaýjan döwlet halk aýdym-saz topary.

Azerbaýjan döwlet akademiki filarmoniýasy Azerbaýjanyň milli filarmoniýa orkestridir.

Habarlar