azerba-jan-dowlet-gurjak-teatry

Azerbaýjan döwlet gurjak teatry

Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda ýerleşýän bu teatr, 1931-nji ýylda çagalar üçin guruldy.

20 Mayıs 2022 18:18

Döwlet gurjak teatry 1932-nji ýyldan başlap, çagalara niýetlenilip sahnalaşdyrylan oýunlary bilen döredijilik ýoluna gadam basdy.

1975-nji ýyldan soň teatrda ulular üçin oýunlar hem goýulýar.

Teatryň iñ esasy aýratynlygy çagalar ýa-da ulylar üçin teatr oýunlarynda gurjaklar ulanylýar.

Gurjaklaryñ boýy birnäçe santimetrdan adamyñ boýuna çenli bolup bilýär.

Teatra, azerbaýjan çaga edebiýatynyň görnükli wekillerinden biri bolan Azerbaýjanly ýazyjy Abdulla Şaikiñ ady dakyldy.

Teatrda, Azerbaýjanly oýun ýazyjylary, klasik Azerbaýjan edebiýaty we çagalar edebiyatynyñ teatr eserleri, rus we daşary ýurtly ýazyjylaryň nusgawy we çagalar edebiýaty boýunça teatr eserleri azerbaýjan we rus dillerinde görkezilýär.

Habarlar