azerba-jan-gosunyny-garabagda-e-is-bilen-netijelenen-operasi-asyny-ustunden-1

Azerbaýjan goşunynyñ Garabagda ýeñiş bilen netijelenen operasiýasynyñ üstünden 1 ýyl geçdi

Bir ýyl ozal şugün Azerbaýjan, Ermenistanyñ ýaragly güýçleriniñ asuda ilatyñ ýaşaýan sebitlerine od açmagy sebäpli harby operasiýa başlatdy.

27 Eylül 2021 14:29

Azerbaýjanyñ Garabag we töweregindäki welaýatlary Ermenistanyñ basyp alyşlygyndan azat etmek üçin başladan harby operasiýasynyñ üstünden bir ýyl geçdi.

2020-nji ýylyñ 27-nji sentýabrynda Azerbaýjan, Ermenistanyñ ýaragly güýçleriniñ Azerbaýjanyñ asuda ilatynyñ ýaşaýan sebitlerine od açmagy sebpli Prezident Ilham Aliýew tarapyndan “ demir ýumruk” diýip taryplan gaýtawul berme operasiýasyny başlatdy. “ watançylyk söweşine” öwrülen bu operasiýada Azerbaýjanyñ goşuny topraklary basyp alyşlykdan azat etdi.

Daglyk Garabag meselesi boýunça ýöredilen Russiýa, ABŞ we Fransiýanyñ bilelikde ýolbaşçylyk edýän ÝHHG-nyň Minsk toparynyň 28 ýyllyk tagallasy hiç netije bermedi.

Azerbaýjan Respublikasynyñ prezidenti Ilham Aliýew, Azerbaýjanyñ ähli platformalarda meseläniñ parahatçylyk ýoly bilen çözülmeginiñ tarapdary bolandygyny nygtamagyna garamazdan topraklary söweş bilen yzyna alma hukuklarynyñ bolandygyny hem hemişe belleýärdi. Gepleşikler hiç hili netije bermänsoň, Azerbaýjan halkara hukugyndan gelip çykýan hukugyny ulanmak kararyna geldi.

Azerbaýjanyñ topraklary 30 ýyllap Ermenistanyñ basyp alyşlygy astyndady. Ermenistan 1990-njy ýylyñ başynda hüjüm gurap Daglyk Garabag we sebitiñ töweregindäki 7 welaýaty basyp aldy. Basyp alyşlygyñ netijesinde 1 miliona golaý Azerbaýjanly ýurtlaryny taşlap gitmeli boldy. Ermenistan basyp alan topraklarynda BMG-niñ "gyssagly we şertsiz çykmagyny" talap edýän kararlary ýerine ýetirmedi.

2018-nji ýylda häkimiýete gelen Nikol Paşinýan ozalky hökümetiñ basyp alyş meselesindäki pozisiýasyny dowam etdirmegi sebäpli  ÝHHG-nyň Minsk toparynyň çäginde geçirilýän gepleşikler togtady. Premýer ministr Paşinýanyñ Garabagyñ Ermenistana degişli bolandygy barasyndaky beýanaty, şol döwürde Ermenistanyñ goranmak ministri bolan Dawit Tonowanyñ “ täze topraklar üçin täze söweş” beýanaty Azerbaýjan tarapyndan berk tankyt edildi. Bu beýanatlar Azerbaýjanyñ operasiýa başlatmagynyñ sebäpleriniñ arasynda orun alýar.

Ermenistanyñ prowokatiw beýanatlary bilen bir hatarda  Azerbaýjanyñ asuda ýaşaýyş ýerlerine hüjüm guramaga dowam etdi. Ermenistanyñ goşuny 2020-nji ýylyñ 12-nji iýulynda Towuz welaýatynyñ golaýyndaky käbir strategik ähmiýete eýe bolan ýerleri ele salmak üçin hüjüm gurady.

Azerbaýjanyñ goşuny Ermenistanyñ bu hüjümini yza serpikdirdi. Front liniýada birnäçe günläp dowam eden çaknyşykda Azerbaýjanly general-maýor şehit boldy. Bu habary alan Azerbaýjan halky köçelere çykyp Ermenistanyñ hüjümlerini protest etdi.. Halkyñ bu hereketi Azerbaýjan üçin gabaw astyndaky topraklaryny azat etmegine itergi boldy.

Ermenistanyñ goşuny, 2020-nji ýylyñ 27-nji sentýabrynda sagat 06:00-da front liniýada prowokatiw hüjümler gurap Azerbaýjanyñ asuda ýaşaýyş ýerlerine raketalar bilen hüjüm gurady. Guralan hüjüme essesi bilen gaýtawul bermek üçin Prezident Ilham Aliýewiñ buýrugy bilen Azerbaýjanyñ goşuny tutuş front liniýada operasiýa başlatdy. Operasiýanyñ 1-nji gününde Azerbaýjanyñ goşuny 6 oba bilen strategik ähmiyete eýe bolan ýerleri basyp alyşlykdan azat etdi.

44 günläp dowam eden operasiýada we Azerbaýjanlylaryñ “ Watançylyk söweşi” diýip taryplan 2-nji Garabag söweşi, 2020-nji ýylyñ 10-njy noýabrynda Ermenistanyñ ýeñlişi kabul edýän jarnama gol çekmegi bilen soñlandy.

Azerbaýjanyñ goşuny 44 günde 5 şäher, 4 mähelle we 236 sany obany basyp alyşlykdan azat etdi. Gol çekişilen jarnama bilen Ermenistanyñ goşuny Kelbejer, Laçyn we Agdan welaýatlaryndan çykmaly boldy.

2-njı Garabag söweşinde Azerbaýjanyñ goşuny 2907 şehit berdi. Azerbaýjanyñ prezidenti Ilham Aliýew operasiýanyñ başlan 27-nji sentýabry “ Şehitleri hatyralama güni” diýip yglan etdi.

Habarlar