azerba-jan-haly-muze-i

Azerbaýjan Haly Muzeýi

Azerbaýjanyñ paýtagty Bakuwdaky haly müzeyi ýurduñ esasy muzeýlerinden biridir.

07 Ağustos 2021 10:10

Bakuw şäheriniñ merkezinde eplenen haly görnüşde dizaýn edilip gurlan muzeý Mikaýil Hüseýnow köçesinde ýerleşýär.

Şan-şöhrady äleme ýaýylan Azerbaýjan halylarynyñ iñ uly toplumuna eýe bolan Azerbaýjan Haly Muzeýinde köp asyrlyk kilim we halylar sergilenýär. 1967-nji ýyllara daýanýan kökli bir geçmişe eýe bolan muzeý 2019-njy ýylda täze döwrebap görki we ady bilen myhmanlaryny garşalýar.

Muzeýde 10000-den gowrak keramika, XIV asyra degişli bolan demir eserler, bürünç eýýamyndan şaý-sepler, XVII-XX asyrlardaky halylar we milli egin-eşikler sergilenýär.

Habarlar