azerba-jan-nary

Azerbaýjan nary

Iň köp talap edilýän miweleriň biri bolan nar, Azerbaýjanda köp ýetişýän miwedir.

06 Haziran 2022 10:41

Azerbaýjanyñ Aran sebiti Göýçaý, Kürdemir welaýatlarynda ýetişýän nar, aýratyn hili bilen ýewropa döwletlerden uly islege eýedir.

Ýurtda ýylda 25 müň meýdanynda ösdürilip ýetişdirilen nar agaçlaryndan 170-190 müň tonna nar ýygnalýar.

Nar, Azerbaýjanyň nyşanydy. Onuň adyna dürli aýdym-sazlar we goşgular ýazyldy. Göýçaý şäherde narlaryň köp görnüşi ösdürilip ýetişdirilýändigi üçin Azerbaýjanyň nar paýtagty hasaplanýar.

Iň meşhur nar görnüşleri "Weles", "Şirin", "Gülöyşe" we "Şikhaba”.

Azerbaýjanyñ Göýçaý şäherinde her ýyl Nar festiwaly bellenýär. Festiwalda naryñ dürli görnüşleri we köp sanda milli tagamlar sergilenýär.

Festiwalyñ çäginde bäsleşikler, tans çäreleri we sergi-ýarmarkalar  gurnalýar. Iň çalt nar iýmek, nar şiresini gysmak we iň uly nar ýaly bäsleşikler gurnalýar.

Habarlar