azerba-jan-respublikasyny-esaslandyryjysy-mehmet-emin-resulzade-hormat-bilen-ha

Azerbaýjan Respublikasynyñ esaslandyryjysy Mehmet Emin Resulzade hormat bilen hatyralanýar

1918-nji ýylyň 28-nji maýynda garaşsyzlygyny yglan eden Azerbaýjan Respublikasynyñ esaslandyryjysy Mehmet Emin Resulzade, dogduk watany Azerbaýjanda we ömrüniň bir bölümüni ýaşap geçiren Türkiýede hormat bilen hatyralanýar.

06 Mart 2021 20:51

Azerbaýjanlylar üçin garaşsyzlygyň nyşanasyna öwrülen "Bir gezek ýokaryk galdyrylan baýdak hiç haçan aşak düşmez" sözleriniň eýesi Resulzade, döwrebap Azerbaýjanyň milli şahsyýetiniň kemala gelmeginde uly roly bilen ýurdunyň taryhynda çuňňur yz galdyrdy.

Resulzade 1884-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Bakuwyň Nowhany obasynda dünýä indi.

Resulzade juwan ýaşlykda syýasat bilen ýaşlygy bilen gyzyklanyp, Çarlyk režimine garşy käbir syýasy partiýalarda we guramalarda işledi we dürli gazet-žurnallarda ýazdy.

Çarlyk režimiñ basyşy sebäpli 1909-njy ýylda Eýrana gidip ol ýerde žurnalist bolup işledi we syýasat bilen meşgullandy. 1911-nji ýylda Türkiýä gitdi.

Resulzade soňra Bakuwda gaýdyp geldi we Musawat partiýasynyň agzasy boldy we 1917-nji ýylda bu partiýanyň lideri wezipesine bellendi.

Resulzade 1918-nji ýylda Azerbaýjan intellektuallarynyň Milli Geňeşiniň başlyklygyna saýlandy we 1918-nji ýylyň 28-nji maýynda Milli Geňeş, Azerbaýjan Respublikasynyň döredilendigini resmi taýdan yglan etdi.

1918-nji ýylyň 4-nji iýunynda Azerbaýjanyň adyndan Azerbaýjan bilen Osman imperiýasynyň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdi.

Resulzadeniň ýolbaşçylygyndaky delegasiýa 1918-nji ýylyň 18-nji iýunynda Kawkaz döwletleriniň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Stambul şäherine bardy. 1918-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda "Kawkaz Yslam Goşuny" atly Osmanly goşuny Bakuwy ermeni we bolşewik güýçleriniñ hüjmünden azat etdi we bu  buşlyk habary Resulzade Enwer Paşa berdi.

Bolşewikleriň Azerbaýjany basyp alanyndan soñ tussag edilen Resulzade Moskwa getirildi. Staliniň tutanýerliligine garamazdan, Sowet Soýuzy bilen hyzmatdaşlyk etmekden ýüz öwürdi.

Ol Fransiýada, Finlýandiýada, Polşada we Germaniýada ýaşady we anti-Sowet neşirlerini çap etdi. Azerbaýjanyň basyp alynandygyny dünýä mälim etmäge tagalla etdi.

Resulzade, 1947-nji ýylda Türkiýä geldi we Ministrler Kabinetiniň karary bilen türk raýaty boldy.

Resulzade 1955-nji ýylyň 6-njy martynda Ankarada aradan çykdy we Jebeji Asri gonamçylygynda jaýlandy.

Habarlar