azerba-jan-respublikasyny-prezidenti-ali-ew-ermeni-wagsylygyny-so-landyrdyk

Azerbaýjan Respublikasynyñ prezidenti Aliýew: Ermeni wagşylygyny soñlandyrdyk

Azerbaýjan Respublikasynyñ prezidenti Ilham Aliýew, 2-nji Garabag söweşiniñ 1-nji ýyllygy mynasybetli halka ýüzlenip eden çykyşynda:” diñe topraklarymyzy basyp alyşlykdan azat etmedik, Ermeni wagşylygyny hem soñlandyrdyk”-diýdi.

28 Eylül 2021 09:52

2-nji Garabag söweşiniñ üstünden bir ýyl geçdi. Azerbaýjan Respublikasynyñ prezidenti Ilham Aliýew şehitleri hatyrala güni mynasybetli halka ýüzlenip çykyş etdi.

Ermenistanyñ ýaragly güýçleriniñ hüjümlerine dowam edýärkä gepleşikleriñ netije bermedigini nygtan Prezident Aliýew guralan hüjümlere garşy Azerbaýjanyn goşuny operasiýa başladyp uly ýeniş gazandy diýdi.

Garabag söweşinde iñ uly goldawy Türkiýäniñ berendigini bellän prezident Aliýew, “ 44 günläp dowam eden söweş Türkiýe-Azerbaýjan bitewiligini görkezdi”-diýdi.

Prezident Aliýew, Türkiýäniñ prezident Rejep Taýyp Erdogana we türk milletine sagbolsun aýtdy.

Prezident Aliýew:” 2-njı Garabag söweşinde  dünýeden öten gahryman şehitlerimiziñ öñünde baş egýär olara Alladan rehnet dileýärin. Biz şehitlerimizi kalbymyzda baky ýaşadarys”-diýip şehitleriñ hormatyna paýtagt Bakuwda Watançylyk söweşi ýadygärligi we Muzeýiniñ guruljakdygyny habar berdi.

Prezident Ilham Aliýew, “ 30 ýylyñ dowamynda Ermenistanyñ taryhy ýadygärlikleri, şehitleri we tebigy çeşmeleri weýran edendigini bütindünýä gürrüñ bermäge dowam ederis”- diýdi.

Habarlar