azerba-jan-respublikasyny-prezidenti-ilham-ali-ew-ermenistana-du-durys-berdi

Azerbaýjan Respublikasynyñ prezidenti Ilham Aliýew Ermenistana duýduryş berdi

Azerbaýjan Respublikasynyñ prezidenti Ilham Aliýew Ermenistandaky syýasy krizise garamazdan 2020-nji ýylyñ 10-njy noýabrynda Russiýa, Azerbaýjan we Ermenistan arasynda gol çekişilen ylalaşygyñ ýerine ýetirilmegini tama edýändiklerini nygtap ýogsam Ermenistanyñ has agyr ýagdaýa duçar boljakdygynyñ duýduruşyny berdi.

26 Şubat 2021 14:07

Prezident Ilham Aliýew wideo konferensiýa arkaly metbugat ýygnagy geçirdi. Ermenistanda dowam edýän wakalary ýurduñ iç meselesi hökmünde häsiýetlendirip: “Häzirki wagtda Ermenistan şeýle bir kyn ýagdaýa düşdi welin, ol ýerde baş berýän wakalar döwletiň düýbüni sarsdyrýar. Bu wakalaryñ jogapkäri Ermenistanyñ ozalky we häzirki hökümeti diýdi.

Prezident Aliýew Ermenistanyñ duşar bolan ýagdaýyñ esasy sebäbiniñ Azerbaýjanyñ topraklaryny näçe ýyllap basyp alyşlyk astynda tutmak bolandygyny nygtap Ermenistany ykdysady taýdan sarsmak biziñ syýasatymyzdy. Topraklarymyzy basyp almagy bes ediñ diýýärdim. Wagtynda bizi diñlän bolsadylar häzirki ýagdaýa duşar galmazdylar diýdi.

Prezident Ilham Aliýew: “ Daglyk Garabagda gazanylan ýeñişden soñ Russiýa, Azerbaýjan we Ermenistan arasynda 2020-nji ýylyñ 10-njy noýabrynda gol çekişilen ylalaşygyñ ýerine ýetirilmegini tama edýärin. Ýogsam Ermenistan has agyr ýagdaýa duçar bolar” diýdi.

 

Habarlar