azerba-jan-russi-a-ukraina-ursunda-taraplary-geplesik-gecirm-ge-cagyr-ar

Azerbaýjan, Russiýa-Ukraina urşunda taraplary gepleşik geçirmäge çagyrýar

Azerbaýjanyñ daşary işler ministri Jeýhun Baýramow, Russiýa-Ukraina söweşiñ hasam dartgynlaşmagyndan ozal taraplary gepleşik geçirmäge çagyrdy.

02 Mart 2022 16:22

Birleşen Milletler Guramasynyň Adam Hukuklary Geňeşiniň 49-njy mejlisinde çykyş eden Azerbaýjanyñ daşary işler ministri Jeýhun Baýramow Russiýa-Ukraina urşy barada durup geçdi.

Ministr Baýramow, urşuñ halkara dartgynlyklaryñ kölegesinde başlandygyny nygtap: “Azerbaýjan, Ukrainada dowam edýän krizisiň asuda ilatyň pida bolmagyna sebäp bolandygyna çuňňur gynanýar”-diýdi.

Asuda ilatyñ durmuşynyñ howpsuzlygynyñ hemişe  üpjün edilmelidigini belläp geçen ministr Baýramow: “Krizisiñ asuda ilata ýetirýän oñaýsyz täsiriniñ öñüni almak üçin degişli çäreler alynmaly. Bu çäkde Azerbaýjan, Ukraina halkyna medisina enjamlary bilen tiz kömek enjamlary ugradar”-diýdi.

Daşary işler ministr Jeýhun Baýramow: “Bu agyr pursatda, dartgynlyk hasam möwjemeden Azerbaýjan, taraplary gepleşiklere çagyrýandygyny gaýtalaýar we taraplaryň arasynda geçiriljek gepleşikleriň ähmiýetine ünsi çekýär."-diýdi.

Habarlar