azerba-jan-zenan-sahyrlaryny-gosgy-antologi-asy-kitaby-arap-dilinde-nesir-edi

"Azerbaýjan zenan şahyrlarynyň goşgy antologiýasy" kitaby arap dilinde neşir edildi

Halkara Türk Medeniýet we Miras Gaznasy, Türki dünýäsiniň baý medeni mirasyny halkara derejede tanatmak üçin köp sanly taslamany durmuşa geçirýär.

28 Ocak 2022 20:52

Bu taslamalaryň biri, "Azerbaýjanly zenan şahyrlaryň goşgy antologiýasyny" taýýarlamak, Azerbaýjanyň öňdebaryjy zenan şahyrlarynyň goşgularyny tapawutly dillere terjime etmek we neşir etmek.

Azerbaýjan, iňlis, nemes we italýan dillerinde neşir edilen "Azerbaýjan zenan şahyrlarynyň goşgy antologiýasy" kitaby  arap dilinde neşir edildi.

Eser, arap okyjylaryna zenan şahyrlaryň ruhy dünýäsi, zenanlaryň jemgyýetdäki we edebiýatdaky orny, şeýle hem Azerbaýjanyň köp asyrlyk medeni gymmatlyklary barasynda maglumat berýär.

Kitap Halkara Türk Medeniýet we Miras Gaznasynyň başlygy Günaý Efendiýewanyň "Ruhy beýiklik" sözbaşy bilen başlaýar.

Antrologiýany azerbaýjan dilinden arap diline terjime eden Müsüriň Aýn Şams uniwersitetiniň professory Ahmed Sami Elaidi. Kitabyň suratlary bolsa ýaş suratkeş Merýem Esedowa degişlidir.

Eserde Mehseti Genjewi, Agabeýim aga Agabaji, Hurşidbanu Nateýan, Ummugulsum, Mirwarid Dilbazi, Nigar Refibeýli, Medine Gulgun we beýleki zenan şahyrlaryñ ýazan eserleri orun alýar.

Habarlar