azerba-janda-daglyk-garabaga-uly-ga-dyp-gelis-ucin-isler-amala-asyryl-ar

Azerbaýjanda, Daglyk Garabaga "Uly gaýdyp geliş" üçin işler amala aşyrylýar

Azerbaýjanda, basyp alyşdan azat edilen ýerleri täzeden gurmak we 30 ýyldan bäri dogduk watanlaryndan aýrylan adamlaryň öýlerine gaýdyp gelmegi üçin işler alnyp barylýar.

06 Mart 2021 20:09

2020-nji ýylyň 27-nji sentýabr-10-njy noýabr aralygynda 44 gün dowam eden söweşde Azerbaýjanyñ şöhratly goşununyñ Ermenistanyñ basyp alyşlygy astyndaky topraklaryny azat edeninden soñ Prezident Ilham Aliýewiñ görkezmesi bilen "Uly gaýdyp geliş" taslamasy üçin işler amala aşyrylýar.

Basyp alyşdan azat edilen sebitleri ösdürmek üçin 2021-nji ýyldaky döwlet býudjetinden 2,2 milliard manat (1,29 milliard dollar) aýryldy.

Basyp alyşlyk döwründe Ermenistanyñ ýaragly güýçleri tarapyndan goýlan minalary saplamak bilen işe goýulan Azerbaýjanyñ administrasiýasy, şol bir wagtyň özünde sebitiň ilkinji infrastruktura taslamalaryna başlady.

Ilkinji taslama ýurduň "medeni paýtagty" diýlip yglan edilen Şuşa şäherinde iki täze ýoluň gurluşygy boldy. Gurluşygyna başlanan ýollardan biriniñ  güýz aýyna çenli doly tamamlanmagy meýilleşdirilýär.

Fuzuli şäherinde halkara howa menzilin gurluşygyna başlandy.  Her dürli uçar, şol sanda iň agyr ýük uçary tarapyndan ulanylmagy üçin gurlan howa menziliniň güýz aýyna çenli taýýar boljakdygy çaklanylýar.

Laçyn we Zengilan şäherlerinde hem howa menzilinin gurluşygy meýilleşdirilýär. Zengilan şäheriniñ sebitiniñ logistika merkezine öwürmek  Azerbaýjan hökümetiniñ meýilnamalarynyň arasynda orun alýar.

Zengilan şäheriniň Agaly obasy, durky täzelenen sebitdäki ilkinji oba bolar. Synag taslamasy hökmünde düýbi tutulan Agaly obasy "akylly oba" düşünjesi bilen gurlar.ýylyñ ahyryna çenli tamamlanmagy meýilleşdirilýän obada takmynan 1000 maşgala ornaşdyrylar.

Şäher esasynda hökümet ilki bilen Agdam şäherini täzeden gurmagy meýilleşdirýär. Basyp alyş döwründe ermeni güýçleri tarapyndan haraba öwrülen Agdam, takmynan 3 ýylda 50 müňden gowrak adamyň ýaşaýan häzirki zaman şäherine öwrüler.

Ýurduñ hökümeti sebiti “ýaşyl energiýa” zonasyna öwürmek üçin hem maýa goýar. Bu nukdaýnazardan Kelbejerde we Laçinda ýel elektrik stansiýalary, Zengilan we Jabraýyl şäherlerinde bolsa güneş elektrik stansiýalary gurlar.

Ýurduñ hökümeti, dost-doganlyk ýurtlary esasanam Türkiýe maýadarlary basyp alyşdan azat edilen sebitleriň tazeden dikeldilmegine gatnaşmagyna garaşýar.

 

Habarlar