azerba-janda-ganly-anwar-gyrgyncylygyny-gurbanlary-hatyralan-ar

Azerbaýjanda “Ganly ýanwar” gyrgynçylygynyň gurbanlary hatyralanýar

Azerbaýjanlylar, 1990-njy ýylda baş beren “Ganly ýanwar” gyrgynçylygynyñ gurbanlaryny hatyralamak üçin Bakuw Şehitler gonamçylygyna gelýärler.

20 Ocak 2022 17:01

Azerbaýjanlylar 32 ýyldan bäri her ýylyň 20-nji ýanwarynda ellerinde 20-nji ýanwar gurbanlarynyň simwolyna öwrülen gyzyl güller bilen şehitlige barýarlar. Şehitler üçin doga edildi.

Tutuş ýurtda sagat 12:00-da şehitler üçin bir minutlyk hormat dymyşlykda duruldy.

Azerbaýjanyñ daşary işler ministirligi tarapyndan “ Ganly ýanwar” gyrgynçylygyñ 32 ýyly mynasybetli beýannama çap edildi.

Beýannamada: “ Ganly ýanwar” wakalarynyñ XX asryñ iñ gorkunç jenaýatlaryndan biri bolandygy belelnip şol gün baş beren wakalaryñ heniz halkara syýasy we hukuk taýdan baha berilmändigi bellendi.

Beýannamada, “Bu jenaýatyñ jogapkäri ozalky Sowýet hökümetidir. Halkara hukuga görä 20-nji ýanwar wakalary adamzada garşu edilen jenaýat hökmünde synplandyrylmaly we jogapkärler jezalandyrylmalydyr”-diýildi.

“Ganly Ýanwar”

1990-njy ýylyň başynda ermenileriň güýçlenýän ýer talaplaryna we Sowet dolanşygyna reaksiýa bildirmek isleýän müňlerçe Azerbaýjanlylar Bakuwyň Azatlyk meýdanynda jemlenşdiler we uzak möhletli protest yörişlere başladylar.

ýörişleri dargatmak maksady bilen 20-nji ýanwarda Bakuwyň dürli etraplaryna giren Sowet goşuny zenanlar we çagalar bilen bilelikde asuda ilatdan 147 adamy gyrýar, 744 adamy ýaralaýar. Baş beren dartgynlykda 400-e golaý Azerbaýjanly tutsag edilýär.

Bakuwsa Sowýet hökümeti tarapyndan adatdan daşary ýagdaý dolanyşygy yglan edilmegine we tutuş şäheriñ Sowýet goşunyñ gözegçiligi astynda bolmagyna garamazdan halk köçelere çykdy we şehitlerin jaýlanmagy üçin işe goýuldy.

Şehitler ýüzlerçe müň adamyň gatnaşmagynda gyzyl güller bilen häzirki Şehitler gonamçylygyna jaýlanýar. Şehitler, Şehitler gonamçylygynda jaýlandylar. Jynaza 1 miliona golaý adam gatnaşdy.

Ganly ýanwar gyrgynçylygy, Azerbaýjanlylaryñ Sowet häkimýetine bolan ynamy doly sarsdy we ýurduň garaşsyzlygyna giden ýoly başlatdy.

Azerbaýjanlylar 32 ýyldan bäri her ýylyň 20-nji ýanwarynda ellerinde 20-nji ýanwar gurbanlarynyň simwolyna öwrülen gyzyl güller bilen şehitlige barýarlar.

Habarlar