azerba-janda-hojaly-gyrgyncylygyny-gurbanlary-hatyralan-ar

Azerbaýjanda Hojaly gyrgynçylygynyñ gurbanlary hatyralanýar

Azerbaýjanyñ paýtagty Bakuwda, Hojaly Gyrgynçylygyñ 30 ýyllygy mynasybetli Prezident Ilham Aliýew we hökümet agzalarynyñ gatnaşmagynda ýöriş we hatyralama çäresi gurnaldy.

26 Şubat 2022 13:24

Bakuw şäheriñ Azatlyk meýdanynda başlaýan ýörişe müñlerçe adam ellerinde Hojaly gyrgynçylygynyñ gurbanlarynyñ suratlary bilen gatnaşdylar. Ýörişden soñ Prezident Ilham Aliýew Ene Perýady ýagygärligiñ önüne gül çemeni goýdy we ýadygärlik halka açydy. Bu ýerik gelen halk ýadygärligiñ önünde gül-çemenleri goýdylar, doga etdiler.

Türkiýäniñ Azerbaýjan Respublikasyndaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Jahit Bagjy,  ilçihananyñ işgärleri, Bakuwdaky Türk gurama-edaralaryñ wekilleri Ene Perýady ýadygärligine baryp Hojaly gyrgynçylygynda şehit bolanlary hormat bilen hatyralady.

Ilçi Jahit Bagjy metbugata beren beýanatynda,Türkiýäniñ, Hojaly üçin adalat talap etme dawasynda hemişe Azerbaýjanyñ ýanynda bolandygyny aýtdy.

Hojaly Gyrgynçylygy

Ermeni güýçleri 1992-nji ýylyň oktýabr aýynda Hojaly şäherçesini gabaw astyna aldy.
Şäherçäniň elektrik togy we agyz suwy kesildi.
Hojaly şäherçesi ermeniler tarapyndan birnäçe hepde top okuna tutuldy.
Ermeniler 25-nji fewraldan 26-njy fewrala geçilýän gije herekete geçdiler.
Şäherçä girmek we çykmak gadagan edildi.
Ýeňil ýaraglar bilen şäherçäni goraýan 150 adamlyk harby toparyň agzalary dolulygyna öldürildi.Halkyň bir bölegi tokaýa gaçmaga çalyşdy.
Hem Ermenistandan gelen hem-de Garabagly ermenilerden ybarat güýçler asuda ilatyň öňüni kesdi, soň asuda halky gyrgyna bermäge başlady.
Şol gije 613 Azerbaýjanly öldürildi, öldürlenleriň 106-sy zenan, 83-i çaga we 70-i garrydy. 
Garaňky gijede 500-e golaý adam ýaralandy, 1275 adam Ermeniler tarapyndan ýesir alyndy. Ýesir alynan 68 zenan we 26 çaganyñ aralarynda bolan 150 adamdan hiç habar alynmady.

Adamzat taryhynyñ gara tegmili bolan Hojaly Gyrgynçylygyndan soñ Azerbaýjanyñ prezidenti Aýaz Muttalibow wezipesinden çekildi. Azerbaýjanyñ parlamenty Hojalyda baş beren wakalary “Gyrgynçylyk”diýip yglan etdi.

Şugünki güne çenli 15 ýurduñ parlamenty we ABŞ-nyñ 16 ştatynyñ mejlisi Hojalyda baş beren wakalary “Gyrgynçylyk” diýip häsiýetlendirýän kararlar kabul etdi.

Habarlar